Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko Türkmenistana resmi sapara bardy


Çarşenbe güni giçlik Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistana resmi sapara bardy.

Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarusyň prezidenti bilen gepleşik geçirýär.

Geçiriljek gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ösdürmeklige degişli birnäçe möhüm dokumentlere gol çekiler diýlip garaşylýar.

Ýöne bu dokumentleriň anyk nämeleri öz içine aljakdygy barada ýurduň resmi çeşmeleri häzirlikçe jikme-jik maglumat bermeýärler.
XS
SM
MD
LG