Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa tarap ädimler demokratiýa umytlaryny berýär


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa sapar eden wagty, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Türkmenistandaky demokratiki prossesleriň möhümdigini belledi.
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa sapar eden wagty, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Türkmenistandaky demokratiki prossesleriň möhümdigini belledi.

Türkmen-german gatnaşyklary soňky ýyllaryň dowamynda giňeldilip, 50-den gowrak Germaniýaly kompaniýalaryň gatnaşmagynda türkmen ykdysadyýetiniü birnäçe pudagynda bilelikdäki proýektleriň birnäçesi ýola goýuldy. ÝB-niň öňde baryjy ýurtlarynyň biri bolan Germaniýa bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge türkmen tarapyna gowy pursadyň dörändigi bellenilýär.

Germaniýanyň ilatynyň zähmet üpjünçiligi we içerki ösüşi, esasan hem halkara maýa goýumlaryna we global söwda esaslanýar. Edil Germaniýanyň ykdysadyýetiniň ulylygyndaky beýleki ykdysadyýetler bilen deňeşdireniňde, Nemes kompaniýalarynyň halkara zähmet bazarlary bilen özara baglanşygy has uly.

Germaniýanyň daşary ýurtlar bilen, şol sanda Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklaryna iň köp itergi berýän ugur bolsa daşary söwda hyzmatdaşlygydyr. Hat-da global ykdysadyýetiň kyn ýagdaýa düşen döwürlerinde hem, önümleriň we hyzmatlaryň eksport edilmegi, Germaniýada iş orunlarynyň döredilmegi üçin möhüm faktor bolup geldi.

Mysal üçin Germaniýanyň içerki önüminiň ösüşiniň 30 prosentden gowragy we ýurduň ykdysadyýetiniň gazanýan her üç ýewrosynyň biri daşyndan gelýär. Şol sebäpli Germaniýanyň hökümeti üçin nemes kompaniýalaryna daşary ýurtlara açylmaga we daşarky bazarlaryny howpsuzlaşdyrmaga itergi bermek, ilkinji orundaky wezipeleriň biri bolup durýar.

Şu jähtden seredeniňde, Merkezi Aziýa döwleti bolan Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky halkara gatnaşyklarda, nemes senagatynyň türkmen bazarynda öz ornuny eýelemegi, günbatar ýewropaly Germaniýa üçin möhüm ähmiýeti eýeleýär.

Entek şertler taýýar däl

Germaniýanyň daşary gatnaşyklar boýunça geňeşiniň eksperti Ştefan Maýer Germaniýanyň bu ýurda maýa goýmaga entek biraz çekinýändigini hem belleýär. “Germaniýanyň ykdysadyýeti örän seresap, we Türkmenistandaky ýagdaýlardan şübheleriniň bardygy sebäli häzirki wagtda garaşyp görýärler” diýip Maýer aýdyar. “Türkmen tarapy hem Germaniýa bilen ykdysady gatnaşyklary has giňden ýola goýmaga taýýar däl.”

Ýangyça baý Türkmenistanyň Germaniýa bilen ykdysady gatnaşyklary, şol sanda, entek doly ýola goýulmadyk hem bolsa potensial syýasy gatnaşyklary,
Türkmen tarapy Germaniýa bilen ykdysady gatnaşyklary has giňden ýola goýmaga taýýar däl.
ýurduň daşyndan gelýän girdeýjileriň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we türkmen jemgyýetinde adam hukuklary we demokratiki prinsipleriň ornaşdyrylmagy baradaky umutlary döretdi.

2008-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Berline sapar edip, Germaniýanyň prezidenti Horst Kohler bilen duşuşyk geçirdi hem-de regional we halkara syýasy meseleler boýunça maslahat etdi. Türkmen lideriniň saparynyň barşynda, Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň, Türkmenistandaky demokratiki prossesleriň möhümdigini belländigini hem-de ýurtdaky reformalar programmasy boýunça german tarapynyň goldaw bermäge taýýardygyny aýdandygyny Ýewropa metbugaty habar berdi.

1990-njy ýyllaryň ahyrynda başlan türkmen-nemes gatnaşyklary, ilki başda täjirçilik ugurlaryna esaslandy. Türkmenistanyň täze hökümeti bilen Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň arasyndaky ilkinji duşuşyk bolsa, 2007-nji ýylyň Iýul aýýnda bolup geçdi.

Şonda Germaniýanyň Wintershall ýangyç kompaniýasynyň gözleg we burawlaýyş boýunça ýolbaşçysy Bernhard Şmidt türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammeodow bilen duşuşyp, öz kompaniýasynyň türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Türkmen tarapy hem özüniň bilim ugry boýunça hem hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

2008-nji ýylyň fewral aýynda Germaniýanyň tehniki hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti GTZ, Türkmenistanyň demokratiýa we adam hukulary instituty bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça memoranduma gol çekdi. Şol wagt gol çekilen dokumente görä, GTZ-iň Merkezi Aziýadaky kanun reformalary boýunça programmasynyň çäginde, Türkmenistana bu ugurda ýardam bermegi göz öňüne tutuldy. Şeýle hem şol memorandum, bazar ykdysadyýetiniň ösürilmegi boýunça degişli kanunçylygy döretmegi, ýagny arbitraž mehanizmasynyň kämilleşdirilmegini, şertleriň maýa goýujy üçin oňaýly edilmegini hem-de GTZ-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegi bilen ýüze çykjak býurokratiki päsgelçilikleri aradan aýrylmagyny maksat edinýär diýlip habar berildi. Bu proýektiň düzümine, teswirlemeleriň çap edilemgine goldaw bermek hem girýärdi.

Energiýa hyzmatdaşlygy gün tertibinde

2008-nji ýylyň ýylyň fewral aýynyň ahryna, Germaniýanyň ykdyasyýet we tehnologiýa ministri Mişel Gloss, Aşgabada baryp türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow bilen görüşdi we energiýa hyzmatdaşlygy barada maslahat etdi. Şol duşuşygyň esasy temasy bolsa, türkmen gazyny Orsyýetden sowa Ýewropa akdyrjak NABUCCO proýekti boldy.

Şol duşuşykda Berdimuhammedow, Germaniýaly kompaniýalara Hazaryň yakasyndaky 32 sany gaz ýataklarynyň özleşdirilmegine gatnaşmaklaryny teklip etdi. Şolaryň özleşdirilmeginiň bolsa ýyllyk 80 milýard kub metrlik gazyň öndürilmegine mümkünçilik berjekdigi aýdyldy. Bu bolsa göz öňüne tutulýan NABUCCO proýekti üçin gerek bolan gazyň üç essesine golaýdyr.

Şol günüň ertesi 70 sany Germaniýaly biznesmen, Bundestagyň iki deputaty, döwlet resmileriniň gatnaşmagyna türkmen-german energiýa forumy geçirildi. Bu foruma Wintershall, Siemens we Deutche Bankynyň resmileri hem gatnaşdy. Şonda Germaniýaly biznesmenlere Awaza milli proýektine we demirgazyk-günorta transkontinental transport geçelgesiniň gurluşygyna gatnaşmak teklip edildi.

Emma şu ýylyň aprel aýýnda, Wintershall bilen däl-de, eýsem Germaniýanyň iri energiýa kompaniýasy RWE AG bilen türkmen hökümetiniň, Hazar energiýasy boýunça hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekişmekleri, bir tarapdan günbatarly syýasy analitikler üçin garaşylmaýan pozitiw waka boldy. Çünki bu kompaniýa NABUCCO proýektiniň paýadarydyr.

Beýleki potensial hyzmatdaşlyklar

Germaniýanyň Siemens we Gotzpartners kompaniýalarynyň şu ýylyň başynda Aşgabatda türkmen-german uniwersitetiniň açmak baradaky türkmen tarapyna beren teklipleriniň üstünde hazirki wagtda gepleşikleriň dowam edýändigi aýdylýar. Germaniýanyň daşary gatnaşyklar boýunça geňeşiniň eksperti Ştefan Maýeriň bellemegine görä, Germaniýaly ylmy barlag institutlary, sagly we bilim pudagy ýaly döwlet sektorlarynda Germaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gowy mümkinçiligi bar.

Şu ýylyň maý aýynyň ahyryna bolsa, nobatdaky türkmen-german forumy, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirildi. Şol forumda bank sektory boýunça hyzmatdaşlyk barada hem gürrüň edildi. Germaniýadan gelen biznes delegasiýasynyň agzalarynyň bolsa, ýurduň dürli ministrliklerinde gepleşikler geçirendikleri habar berildi.

Häzirki wagtda, türkmen-german gatnaşyklary, ýangyç-energetika, ýeňil we himiýa senagaty, ulag we aragatnaşyk, söwda-ykdysady, gumanitar ugurlaryna esaslanýar.

Anyk ädimler zerur

Syýasy analitikleriň bellemegine görä, türkmen hökümetiniň şu wagta çenli daşary syýasaty boýunça karar almagy, garaşylmadyk ýagdaýda bolup geçdi. Şeýle durnuksyz herekler bolsa, iri kompaniýalaryň Türkmenistana baryp maýa goýmaklaryna päsgelçilik döredýändigi aýdylýar. Şonuň üçin günbatarly döwletler, kompaniýalar we guramalar bilen hyzmatdaşlyk boýunça, türkmen tarapynyň diňe bir forumlar geçirmek bilen ýa-da iş toparlary döretmek bilen çäklenmän, gol goýlan dokumentler bilen anyk ädimler ätmegine garaşylýar.

Germaniýaly syýasy analitik Maýeriň bellemegine görä, Türkmenistan, hem Orsyýetiň hem Ýewropanyň maýa goýumlaryny çekmek üçin has gowy pursatlara garaşýan bolmagy hem mümkin.
XS
SM
MD
LG