Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji-Abhaz serhedinde partlama boldy


Gürjistan bilen bölünip aýrylan Abhaziýa regionynyň serhediniň golaýyndaky partlamada, ÝB-niň monitoringi üçin gözegçilik edýän bir sürüji heläk bolupdyr. Gürjistanyň Içeri işler ministrligi, ýogalan sürüjiniň gürjistanlydygyny aýdýar. Gözegçi sürüjä ýoldaşlyk edýän bir medisina işgäri bolsa ýaralanypdyr. Bölünip aýrylan Abhaziýa we Günorta Osetiýa regionlarynyň serhet gözegçiligi üçin, geçen ýylyň Oktýabr aýynda 225-sany ÝB-niň gözegçileri şol ýerlere eltilipdi.
XS
SM
MD
LG