Orsyýetiň dawaly Demirgazyk Kawkaz regiony bolan Inguşetiýanyň prezidenti, şu gün awtomobil kerweniniň golaýynda bomba partlamagy netijesinde agyr ýaralandy. Orsyýetiň resmileriniň aýtmagyna görä, partlamany jandan geçen bombaçy kerweniň içine bombaly awto-ulagyny sürüp amala aşyrypdyr. Moskwada, Orsyýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hüjümi ýazgaryp, muny garakçylaryň işi diýip atlandyrdy. Şeýle hem Medwedew, Içeri işler ministrligine we döwlet gizlin gulluklaryna hüjümi derňemegi tabşyrdy.