Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň Goragçylar Geňeşi saýlaw bidüzgünçiliklerini kabul etdi


Eýranyň ýokary kanun çykaryjy organy bolan Goragçylar Geňeşi, soňky jedelli prezidentlik saýlawlarynda ses berişlik bidüzgünçilikleriniň bolandygyny kabul etdi. Geňeşiň metbugat wekili Abbas-Ali Kadhodaýi, 50 şäherdäki sesleriň sany elýeterli ses berijileriň sanyndan ýokary boldy diýip belledi. Ol Eýran Yslam Respublikasy telekanalyna, bu ýagdaýyň üç million sesleri sorag astyna goýandygyny, emma saýlawyň netijesine täsir etmegi üçin munuň ýeterlik däldigini aýtdy. Oppozisiýa lideri Mir Hossein Mussawi öz tarapdarlaryna, prezident Mahmud Ahmedinejadyň täzeden saýlanmagy boýunça protestleri dowam etdirmegi aýdanyndan soň, geňeş bu çykyşy etdi.
XS
SM
MD
LG