ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Demirgazyk Korea tarapyndan ähtimal atyljak islendik raketa garşy, ABŞ-yň harby güýçleriniň taýýardygyny aýtdy. Obamanyň bu beýanatynyň harby gaýtargy barada duýduryşdygy ýa-da däldigi soralanda, ol ýok diýip jopap berdi. Demirgazyk Korea 25-nji maýda ýadro synagyny amala aşyrdy we BMG Phenýany has ýiti sanksiýalar bilen jezalandyranyndan soň, Gawai adalaryna tarap uzakaralyk üçin niýetlenen raketa atmagy göz öňüne tutýan bolmagy ahmal diýip bellenýär.