Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa G-8 çakylygy boýunça Eýranyň jogabyna wagt goýdy


Şu gün Italiýanyň Daşary işleri ministri Franko Frattini, G-8 ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň şu hepdäniň ahyryna geçiriljek ýygnagyna çakylyk boýunça, Eýranyň jogap bermäge günüň ahyryna çenli wagtynyň bardygyny aýtdy. Penşenbe güni bilen Şenbe güni aralygynda demirgazyk-günorta şäher Triestede geçiriljek duşuşyga, Italiýanyň hökümeti Eýranyň hem gatnaşmagyny hem-de Päkistandaky we Owganystandaky durnuklylyk tagallalary boýunça goşant goşmagyny sorady. Şeýle hem Frattini, Eýranda prezidentlik saýlawlaryny protest edýän demonstrasiýaçylara garşy zorlugyň bes edilmegine çagyryş etdi. Hakimiýetler Şenbe güni azyndan 10 adamyň ýogalandygyny we ýüzlerçe adamyň tussag edilendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG