Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baş türkmen diplomaty Waşingtonda


Täjiýewa:"Raşit Meredow öňki prezident döwründe bolan hukuk bozulmalaryny, kadr zaýaçylygyny gowy bilýär."
Täjiýewa:"Raşit Meredow öňki prezident döwründe bolan hukuk bozulmalaryny, kadr zaýaçylygyny gowy bilýär."

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyna synçylar öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň Günbatar ýurtlaryna tarap täzeden açylýan Türkmenistanyň ýene bir oňyn ädimi hökmünde garaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, halkara jemgyýetçiligi adam hukuklary we demokratiýa babatda Türkmenistanyň anyk we pozitiw öňe gidişlikler etmegine garaşýar.

Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň täze döwri Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilmegine hökman gowy täsir ýetirer. Sebäbi Barak Obamanyň baştutanlygyndaky Birleşen Ştatlaryň täze adminstrasiýasy adam hukuklaryna aýratyn üns berýär.

Aşgabadyň adam hukuklaryna garaýşy özgerermi?

Türkiýäniň Gazy uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň professory Mehmet Seýfuddin Erolyň pikirine görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyna ozaly adam hukuklary we demokratlaşma babatda däl-de, eýsem ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky täze strategiýasy, sebitdäki ýurtlaryň bolsa öz gezeginde Orsyýetiň täsirine garşy deňagramlylyk agtarmagy nukdaý nazaryndan garalyp bilner. “Amerikanyň Birleşen Ştatlary ozal bu sebitde Ýewropa Birleşigi bilen bilelikde hereket edip bir topar şerti öňde goýýardy. Ol şertler adam hukuklary, demokratlaşma, metbugat azatlygy we başgalardy”.

Türk professory Mehmet Seýfetdin Erolyň pikirine görä, Amerikanyn Birleşen Ştatlarynyň bu şertleri Merkezi Aziýada oňyn netije bermedi we sebitdäki ýurtlaryň Orsyýete ýakyn durmagyna getirdi. Häzirki pursatda Merkezi Aziýa sebitinde ABŞ mundan öňki goýberen ýalňyşlaryny gaýtalamak islemeýär we bu sebitiň döwletlerini özüne ýakynlaşdyrmak üçin has professional we pragmatiki ädimleri ätmäge taýýarlanýar diýip, Erol aýdýar.

Türk professorynyň pikirine görä, Türkmenistan bilen Orsyýetiň arasynda energiýa üstünde dörän krizis ABŞ üçin elden bermesiz bir pursat bolup durýar. Şeýle-de ol bu pursaty ABŞ babatda-da, daşary syýasatda deňagramlylyk gözleýän Türkmenistan üçin-de gutulgysyz netije hasaplaýar.

Ýaş hem sowatly liderler


Syýasy ýanamalar sebäpli Şwesiýada mejbury bosgunlykda ýaşaýan Aýgül Täjiewa hünäri boýunça wraç we Saparmyrat Nyýazow döwründe türkmen parlamentiniň deputaty boldy. Ol Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-a saparyna Aşgabadyň adam hukuklary we demokratlaşma babatda özgermegine oňyn täsir ýetirjek waka hökmünde garaýar.

Aýgül Täjiýewanyň pikirine görä, Raşid Meredow Saparmyrat Nyýazow bilen deňeşdrilende ýaş we sowatly adam. Ikinji tarapdan, ol öňki prezident döwründe bolan hukuk bozulmalaryny, kadr zaýaçylygyny gowy bilýär we indi ol beýle zatlaryň gaýtalanmagyny islemez.

Şeýle-de Täjiýewa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem ýaş we sowatly adamdygyny aýdyp Türkmenistanyň ABŞ bilen ýakynlaşmakdan hökman gowulyk gazanjakdygyna, bu ýagdaýyň ýurtdaky adam hukuklaryna we demokratlaşma oňyn täsir etjekdigine ynanýar. “Sebäbi Berdimuhamedow hem ýaş adam. Olam öňe gidişlik isleýändir. Näçe biz ümsüm oturaly, biz hiç zat etmäli diýse-de onuň ýüregi ony etmez. Sebäbi ýaş, progressiw adamlar öňe gitmeli. Näçe men etmäýin diýse-de oturyp bilmez” diýip Täjiýewa aýdýar.

Moskwa duýduryş

Bu saparyň Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda bolan gaz oňuşmazlyklarynyň yz ýanyna gabat gelmegi hem dürli pikirleri öňe sürmäge itergi berýär.

Türkiýäniň Gazy uniwersitetiniň professory Mehmet Seýfetdin Erolyň pikirine görä, ýokary derejeli türkmen resmisiniň ABŞ-a sapary mahalynda iki ýurduň arasynda ozaldan ýola goýlan gatnaşyklar has giňeldiler we bu Aşgabadyň Waşingtonuň üstünden Moskwa bir duýduryşy bolar. Mundan beýläk Moskwa Aşgabat baradaky ädimlerini şu duýduryşy hasaba alyp ätmeli bolar diýip, türk professory Mehmet Seýfetdin Erol belleýär.
XS
SM
MD
LG