Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Lukoşenka we Berdimuhamedow basyş çärelerine ýüzlenmäge taýýar”


Narodetski: "Belarus we türkmen liderleri, Aleksandr Lukaşenkonyň Türkmenistana saparyny Moskwa garşydyklaryny görkezmek üçin ulandylar."
Narodetski: "Belarus we türkmen liderleri, Aleksandr Lukaşenkonyň Türkmenistana saparyny Moskwa garşydyklaryny görkezmek üçin ulandylar."

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukoşenkanyň geçen hepde Türkmenistana eden sapary bir meseläni: postsowet giňişligindäki dürli döwletleriň özara gatnaşyklarynyň Orsýet bilen gatnaşyklardan has gowy hem netijeli ösýändigini açyk görkezdi.

Şu fakt Aşgabatda has aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Belarus hem türkmen taraplary çykyşlarynda, köp sanly kontraktdyr dokumentlere gol çekişen wagtynda üçünji tarap gepleşiklere gatnaşmaýan Orsýet bilen özboluşly dialoga girdiler.

Aleksandr Lukoşenka çykyşynda: “Belarus Türkmenistany özüniň hoşniýetli dosty, möhüm hem ynamdar hyzmatdaşy hasap edýär, biziň deňhukukly, birek- birege hormat goýmak hem ynam prinsipleri esasynda häzirki geçirýän gepleşiklerimiz, iki ýurt arasyndaky döwletara dialoglaryň taryhynda möhüm waka bolar” diýdi. Belarus prezidenti bu ýürekden çykýan sözlerini, Minsk bilen gatnaşyklarynda yzygiderli bozulmalar, hat-da häli-şindi dawalar ýüze çykaryp duran Orsýetiň adresine gönükdirmese gerek.

Iki ýurt arasyndaky gatnaşyklarda birek-birege durnuklylyk, özara ynam temasyna Türkmenistanyň prezidenti hem degip geçdi. Aşgabat bilen Moskwanyň özara gatnaşyklarynda-da bulaşyk ýagdaýlar ýüze çykyp, ol hat-da iň soňky nokadyna-da baryp etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Türkmenistan bilen Belarus daşary syýasatyny özbaşdak ýöredýärler, olary umumy garaýyşlar hem prinsipler birleşdirýär. Olaryň aňyrsynda parhatçylyk söýüjilik, döwletleriň özbaşdaklygyna hormat ýatyr” diýen sözleri Moskwa tarapa gönükdirilmedimi näme?

Eýýäm Lukoşenka we Berdimuhamedow basyş çärelerine ýüzlenmäge taýýar, özara gatnaşyklara dartgynlylyk berýän, hat-da hyzmatdaşlaryny kemsidýän hem şunuň ýaly beýleki usullara ýykgyn edýän Orsýet ýolbaşçylaryny gytaklaýynam, gönüläbem ençeme gezek tankytladylar. Ýolbaşçylaryň ikisi-de çykyşlarynda Moskwa bilen gatnaşyklardan düýpli tapawutlanýan özara gatnaşyklaryň başgaça prinsiplerde bolmagyna, gurulmagyna aýak direýärler.

‘Kremlden başga bir zada garaşmaýarlar’

Mahlasy, postsowet giňişligşindäki gatnaşyklarda Kremlden başga bir zada garaşmaýarlar. Hat-da döwlet derjesindäki dokumentlerde-de, muňa mysal hökmünde tassyklanan Orsýetiň strategik doktrinasynda getirmek bolar. Onda, özüniň milli bähbitlerine haýsydyr bir derejede howp salýan goňşulary bilen Orsýet agyz deňäp durmaz-diýlipdir. Bu dokument arkaly Moskwa gürrüňi edilýän goňşulary ýaly ýurtlary ähli serişdeler, hat-da güýç ulanmak bilen buz ýaly etjekdigini açyk tekst bilen jar edýär. Başga sözler bilen aýdylanda, şu günki gün Orsýet regionda monopolistiň roluny sypdyrmakçy däl.

Belarus we türkmen liderleri, Aleksandr Lukoşenkanyň Türkmenistana saparyny Moskwa garşydyklaryny görkezmek üçin ulandylar, bu meselede öz pozisiýalaryny aýan etdiler. Şol pozisiýa Lukoşenkanyň Türkmenistan bilen Belarusyň özara gatnaşyklarynyň ösüşi bilen bagly: “Bizi köp zat birleşdirýär hem dogan edýär. Bu diňe bir taryhy umumylyk däl, ol uly derejede döwleti ösdürmegiň strategiýasyna, dünýä arenasynda garaşsyz pozisiýasyna çemeleşmede umumylyk” diýen sözlerinde has aýdyň görünýär.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG