Ysraýylyň prezidenti Şimon Peresiň 28-nji iýunda Azerbeýjana eden saparyndan soň, Eýran öz Bakudaky ilçisini konsultasiýa üçin Tährana çagyrdy. Eýranyň ISNA habarlar gullugy “bir ynamdar çeşmä” salgylanyp, ilçiniň Tährana “haýbat atmalardan” soň çagyrylandygyny, ýagny Bakudaky Ysraýyl ilçisiniň Eýrana garşy bir zatlar diýendigini ýazdy. Ýöne habarlar gullugy anyk bir zat aýtmady. Ýarym resmi Fars habarlar gullugy hem şeýle mazmunda bir habar ýaýratdy. Eýranyň Bakudaky ilçihanasynyň sözçüsi Abbas Iskanderi ilçiniň Tährana çagyrylandygyny tassyklamakdan ýa inkär etmekden ýüz öwürdi. Ol “ilçihananyň garaýşyny beýan edýän resmi maglumat metbugata ertir iberiler” diýdi.
Iň köp okalan
1