Horwatiýanyň premýer ministri Iwo Sanader işden çekilýändigini we “işjeň syýasatdan” çetleşýändigini, ýagny prezident bolmak üçin bäsleşmejekdigini aýtdy. Ol bu beýanaty Zagrebde bolan metbugat ýygnagynda, 2010-njy ýylyň başynda geçirilmeli prezident saýlawlarynyň öňünden etdi. Sanader, öz konserwatiw Horwat Demokratik Birleşigi 2003-nji ýylda Sosial demokratlardan häkimiýeti alaly bäri premýer ministrdi. Ol şu ýyl Horwatiýany NATO girizdi, ýöne Ýewropa Birleşigine girmek meselesi, Sloweniýa bilen serhet dawasy zerarly bökdelip galdy.
Iň köp okalan
1