Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň telekanaly Azerbeýjany tankytlady


“Säher” telekanalynyň žurnalisti Ulumi, Peresiň saparyna “musulmanlara garşy genosid eden Ýewreý režimini goldamak” diýip baha berdi.
“Säher” telekanalynyň žurnalisti Ulumi, Peresiň saparyna “musulmanlara garşy genosid eden Ýewreý režimini goldamak” diýip baha berdi.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “Säher” atly halkara telekanalynyň Azerbeýjan üçin gepleşikler bermäge resmi rugsady ýok. Emma onuň programmalary hiç mahal kesilmedi we indi ençeme ýyl bäri Azerbeýjan üçin ýerli dilde gepleşik berýän meşhur telekanal boldy.

Daşary ýurtly habar serişdeleriň Azerbeýjanda işlemeginiň gadagan edilendigine garamazdan, “Säher” telekanaly media bazarynda ýerli habar serişdeleri üçin ýeke-täk alternatiwa bolmagynda galýar. Emma, häzir “Säher” telekanaly Azeri resmileriniň kejebesini daraltdy. Çünki, ol Ysraýylyň prezidenti Şimon Peresiň Bakuwa sapary barada golaýda ýiti tankydy gepleşik berdi. Azerbeýjan Peresiň 28-nji iýunda Bakuwa sapar etmegini gowy garşylap, onuň ykdysady, goranmak we söwda boýunça jebis hyzmatdaşlygy hasam ösdürmäge mümkinçilikdigini mälim etdi. Ýöne “Säher” telekanalynyň žurnalisti Ulumi, Peresiň saparyna “musulmanlara garşy genosid eden Ýewreý režimini goldamak” diýip baha berdi. Şeýle hem Ulumi, Azeri hökümetini “ hormatsyzlykda” tankytlap, onuň bu hereketiniň “jogapsyz galmajakdygyny” tekrarlady.

Köpleri geň galdyrdy

Ýöne, bu telekanalyň kommentariýasy Azerbeýjanda köpleri geň galdyrdy. 12-nji iýunda Eýranda geçen prezidentlik saýlawlarynyň netijejeleriniň tassyklanmagyna dünýä jemgyýetçiligi garaşýan bir wagtda prezident Aliýew Ahmedinejadyň täzeden prezident saýlanmagyny ilkinji bolup gutlan liderleriň biri boldy. Azerbeýjanyň we Eýranyň hökümetleri özara hyzmatdaşlykdan lezzet alýarlar. Ýagny, iki yurduň diplomatlary ses berişlik strategiýalary boýunça gatnaşyk edýärler. Ony ekspertler “BMG-niň Yslam Kluby” diýip atlandyrýarlar.

Muňa bir mysal getirsek, Eýranda ynsan hukuklarynyň depgilenýändigini we etnik azlyklaryň şol sanda, Azerileriň medeni hukuklarynyň bozulýandygyny tankytlaýan Kanadanyň teklibi boýunça ses berlişikde Azerbeýjan oňa garşy ses berdi. Eýran bilen Azerbeýjanyň gowy gatnaşyklar üçin şol ýurtdaky etnik Azerileriň hukuklarynyň bozulmagyna hökümetiň “göz ýummagyny” Azerbeýjanlylar berk ýazgarýarlar.

Ýerli syýasy analitik Musabekow, köp Azerbeýjanly Eýrandaky watandaşlarynyň hukuklarynyň bozulýandygyny tankytlaýar diýdi. Ol “Säher” telekanalynyň haýbatynyň ters netije bermeginiň mümkindigini hem aýtdy. Musabekow Azerbeýjanyň Eýrana garşy toparlar üçin platforma bolmagynyň mümkindigini belläp, oňa sebäpleriň ýeterlikdigini sözüne goşdy.

'Ikiýüzli syýasat'

Şonuň ýalyda, Ysraýylyň prezidenti Peresiň Azerbeýjana saparyny tankytlap, Eýranyň ikiyüzli syýasat yöredyändigi hem aýdylýar. Çünki, Tähran Ermenistan bilen dostlukly gatnaşyklar edýär. Emma Daglyk Garabag dawasy barada dil ýarmaýar. Ahmedinejadyň özi 2007-nji ýylda Ermenistana sapar etdi we serhet arkaly transport gatnaşyklary, energiýa hyzmatdaşlygy barada ylalaşyklara gol goýdy.

Bular ýaly hereketler Azerbeýjanyň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny Tähranyň tankytlamagynyň adalatsyzlykdygyny görkezýär diýip ýurdy dolandyrýan “Ýeni
Azerbeýjan garaşsyz ýurt hökmünde islän ýurdy bilen gatnaşyklar etmäge hakly.
Azerbeýjan” partiýasynyň aklawçysy Mubariz Gurbani aýtdy. “Näme üçin Ermenistanyň prezidenti Eýrana sapar edip, gowy garşylanyp we goldaw tapyp bilýär? Biz ol barada şikaýat etmeýäris. Ysraýyl kanuny döwlet. Azerbeýjan hem garaşsyz ýurt hökmünde islän ýurdy bilen gatnaşyklar etmäge hakly” diýip ol aýtdy.

Oppozisiýon deputat Huseýniň sözlerine görä, “Säher” telekanalynyň gepleşiginiň Azerbeýjanyň Yslamçy oppozisiýasy bilen bagly bolmagy ahmal. Emma, onuň ters netije bermegi mümkin. “Meniň pikirimçe, bu kommentariýalar dowul ýaýratmak we biziň içerki işlerimize goşulmak. Şol telekanal yzygiderli bulagaý gepleşikler berýär. Olar goňşyçylyk ahlaga, prinsiplere we Yslama garşy. Dogrymy aýtsam, bu Eýranyň Azerbeýjana täsirine zeper ýetirýär.”

Azerbeýjanyň Aragatnaşyk ministrligi we Milli teleradiogepleşikler geňeşi resmi taýdan rugsady bolmadyk “Säher” telekanalynyň halkara aragatnaşyk düzgünlerini bozýandygyny Tährana duýdurdy. Emma, Azerbeýjanly resmiler “Säher” telekanalynyň gepleşikleriniň öz ýurduna berilmeginiň öňüni almak üçin mümkinçiligiň azdygyny hem boýun alýarlar. Azerbeýjana ýakmaýan programmalaryň berilmeginiň öňüni almagyň yeke täk ýoly “goňşylarymyz bilen gowy gatnaşyklary saklamak” diýip Milli teleradiogepleşikler geňeşiniň agzasy Gafar Jabiýew aýtdy. Media aklawçysy Alaskir Mamedali bolsa, bu problemany Azeri hökümetiniň özüniň döredendigine ynanýar. Çünki, olar mediany bogdular. Hut şonuň üçinde, islendik “alternatiw media” gowy zat diýip aklawçy Mamedali aýtdy.
XS
SM
MD
LG