Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi


Türkmenistan ýokary derejeli kadrlar bilen doly üpjün edilýänça, türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlara okamaga iberiljekdigini türkmen prezidenti mälim etdi.
Türkmenistan ýokary derejeli kadrlar bilen doly üpjün edilýänça, türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlara okamaga iberiljekdigini türkmen prezidenti mälim etdi.

3-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda, ýurduň sosial –ykdysady ugurlary boýunça öňde durýan programmalaryň we uly möçberli maýa goýum proýektleriniň durmuşa geçirilişi, şeýle hem milli bilim sistemasynyň özgerdilmegi, ýokary okuw jaýlaryna we yörite orta mekdeplere nobatdaky kabul edişlik we beýleki ugurlar boýunça meselelere garaldy.

Mejlisiň barşynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, geçen aýyň ahyryndaky ABŞ-na sapary barada hasabat berip, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň ýokary wezipeli işgärleri bilen bolan duşuşykda, Türkmenistan bilen konstruktiw gepleşikleri mundan beýläk hem dowam etdirmäge, ABŞ-niň taýýardygynyň mälim edilendigini belledi.

Meredowyň aýtmagyna görä, ABŞ-niň Döwlet Sekretary Hillari Klinton, Türkmenistanyň energiýa pudagynyň diwesifikasiýalaşdyrylmagy boýunça ABŞ-niň goldaw berýändigini belläpdir. Şeýle hem, ABŞ-niň syýasy we işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda “Şewron”, “Ekson Mobil” ýaly ägirt uly kompaniýalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we gumanitar ugurlar boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildiripdirler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ABŞ bilen netijeli gepleşikleri ýola goýmak bilen, daşary gatnaşyklar boýunça strategiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde, Türkmenistanyň dünýäniň öňde baryjy ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdarydygyny mälim etdi.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Hydyr Saparlyýew, şu ýyl harby ugurlardan başga ýokary okuw jaýlaryna 4275 studentiň, yörite orta mekdeplere bolsa, 1698 studentiň kabul ediljekdigini mälim etdi. Giriş ekzamenleri bolsa, 31-nji iýul bilen 23-nji awgust aralygynda geçiriler.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Baş prokurory Çary Hojamyradow, Döwletmämmet Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynyň rektory Aýna Gurabanyýazowanyň, şol institutyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň dekany Toýly Öwezowyň we rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy M.Esenmyradowanyň gatnaşmagynda, bu ýokary okuw jaýyna girmäge synanyşýan sekiz adamdan jemi 119 müň ABŞ dollarynyň bikanun alnyp, olaryň okuwa kabul edilmegine kepillik berilendigini aýan etdi we degişli işgärler wezipesinden boşadyldy. Bu instituta rektor edip S.Çaryýewa bellendi.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Çeperçilik Akademiýasynyň rektory M.Durdyýewa hem wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine A.Nuwwaýew bellendi.

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow, ýurduň bilim ministri Muhammetgeldi Annaamanowa hem işi bilen baglanşykly düýpli nägilelikler bildirip, ony wezipesinden boşatdy we ýerine onuň orunbasary bolup işlän G.Mämmedow bellendi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet mugallymçylyk institutynyň taze rektory edip, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory bolup işlän G.Hanmyradow bellendi.

Duşuşykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw jaýlaryna okamaga şu ýyl 2700 studentiň iberiljekdigini mälim etdi. Türkmenistan ýokary derejeli kadrlar bilen doly üpjün edilýänçä, bu tejribaniň dowam etdiriljekdigini türkmen prezidenti mälim etdi.

Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar boýunça käbir beýleki meselelere hem garaldy.

Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň, Türkmenistanyň döwlet mediasyna beren maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG