Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Aşgabat
Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Aşgabat

Türkmenistan ösen tehnologiýalar bilen bagly maglumat merkezlerini döretmek boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen gepleşik geçirýärkä, ýurduň energiýa pudagyndaky ýagdaýdan gönüden-göni habarly bilermenler ýurtdaky şertler esasynda mümkinçiliklere baha berýärler. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan energetika boýunça bilermen energiýa resurslaryna baý we önümçilik kuwwatyny barha artdyrýan Türkmenistanyň energiýany köp sarp ediji ýokary tehnologiýalaryň geljegi üçin uly potensially ýurt bolup görünýändigini, emma ençeme obýektiw çäklendirmeleriň bardygyny aýdýar.

Türkmenistan ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin maglumat merkezlerini (data merkezlerini) döretmek boýunça halkara kompaniýalar bilen deslapky gepleşikleri geçirýär we munuň üçin öz giňişliginde mümkinçilikleriň bardygyny öňe sürýär. "Türkmennebit" döwlet konserniniň habaryna görä, ýurduň energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow bu barada ýaňy-ýakynda habar beripdir.

Türkmen resmisiniň 3-5-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen "CIET-2026" halkara maslahatynda aýtmagyna görä, şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi artykmaç öndürilen elektrik energiýasyny netijeli ulanmaga, maýa goýumlary çekmäge we ýurduň ýokary tehnologiýaly infrastrukturasyny ösdürmäge mümkinçilik berer. Resmi habara görä, Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri ýurtda "Wirtual serişdeler hakynda" kanun hem hereket edýär.

Bilermenler ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin maglumat merkezleriniň döredilmegi üçin başlangyç çykdajylaryň ýokary bolmagy, ýokary öndürijilikli serwerler üçin ýöriteleşdirilen sowadyjy ulgamlarynyň zerurlygy, ätiýaçlyk energiýanyň we daşary ýurt enjamlarynyň talap edilmegi we olary import etmegiň, hem saklamagyň gymmatlygy ýaly meselelere ünsi çekýärler.

Türkmen hökümetiniň mälim eden soňky planlary ýurt içindäki pudak bilermenleriniň arasynda hem seresaply garaýyşlary döretdi.

"Häzirki zaman ýokary tehnologiýaly senagatlaryň tutuş toplumlaýyn ösüşine täsir edýän birnäçe obýektiw çäklendiriji faktorlar bar" diýip Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly bilermenleriň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Ýurduň energiýa pudagynyň ýagdaýyndan gönüden-göni habarly bilermeniň sözlerine görä, Türkmenistanda IT pudagynyň ösdürilmegine, esasanam onuň häzirki wagtda dünýä derejesindäki görnüşine we ösüş basgançagyna laýyk bolmagyna päsgelçilik berýän şertler ýurduň tebigaty, energiýa we sanly ulgamy infrastrukturasynyň häzirki ýagdaýy we ony dolandyrýan kadrlar ýetmezçiligi bilen bagly.

"Has takygy, Türkmenistanda şeýle pudagy döretmek bilen baglanyşykly töwekgelçilikler barada aýtmaly. Birinji töwekgelçilik – ýylyň köp böleginde dowam edýän ýokary howa temperaturasy. Bu ýagdaý sowadyş ulgamlarynyň zerurlygy sebäpli IT infrastrukturasynyň, hususan-da maglumat merkezlerini (data-merkezlerini) işletmek üçin çykdajylary ep-esli artdyrar. Sowatmak üçin köp mukdarda suw talap etmeýän tehnologiýalar bar bolsa-da, olar maglumat merkezlerini dolandyrmagyň umumy çykdajylaryny şeýle bir köpeldýär welin, netijede bu taslamalar ykdysady taýdan bähbitsiz bolýar. Ikinji faktor – elektrik torlarynyň könelip, zaýalanan ýagdaýda bolmagydyr, IT infrastrukturasyny ösdürmek ägirt uly maýa goýumlary talap eder".

Tok önümçiliginiň kuwwaty, suw we seýsmiki şertler

Adaty maglumat merkezleri serwerlerini sowatmak üçin köp mukdarda suw talap edýär. Türkmenistanyň gurak howasynda we yssy ýaz paslynda suwy köp ulanýan sowadyş ulgamynyň işledilmegi ýurtda suw ýetmezçiligini güýçlendirmek howpuny döredýär. Şeýlelikde, bu suwa bagly bolmadyk, şol sanda howa arkaly sowadýan ulgamlara maýa goýulmagyna zerurlyk döredýär.

Energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow Türkmenistanda maglumat merkezlerini döretmek boýunça halkara kompaniýalar bilen deslapky gepleşikleriň geçirilýändigini mälim edende: "Ministrligiň garamagynda umumy gurnalan kuwwaty 6500 megawatdan gowrak bolan 11 elektrik stansiýasy bar" diýdi we munuň ýurduň içerki zerurlyklaryny doly üpjün etmäge we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýändigini aýtdy. Ol täze taslamalaryň ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini netijeli peýdalanmaga we maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik berjegini hem belledi.

Türkmenistan sebit ýurtlarynyň aglabasyna elektrik energiýasyny satýar we elektrik energiýasyny öndürýän desgalarynyň kuwwatyny ýene-de artdyrmak planlaryny yglan edýär, emma ýurduň içerki üpjünçiliginde uzaga çeken bökdençlikler saklanyp galýar. Ilatly ýerleriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi ýyllarboýy yzly-yzyna kesilip durýar.

Şeýle-de Saparow, gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda Aziýa ösüş bankynyň goldawy bilen Türkmenistanyň ýel energiýasy serişdelerini toplumlaýyn öwrenmek boýunça barlaglaryň dowam etdirilýändigini, olaryň netijeleriniň ýel elektrik stansiýalaryny gurmak üçin geljegi uly meýdançalary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky ýagdaýdan gönüden-göni habarly bilermeniň Azatlyga aýtmagyna görä, ýurtda maglumat merkezlerini döretmek boýunça päsgelçilikleriň ýene biri Türkmenistanyň seýsmiki şertleri bilen bagly:

"Başga bir faktor bolsa seýsmiki töwekgelçilikdir. Türkmenistanda maglumat merkezlerini ýerleşdirmek üçin amatly şertleri bolan ýagdaýynda-da, ýagny aýdaly suw we elektrik energiýasy elýeterli bolsa, şeýle-de hünärli işgärleri ýerleşdirmäge mümkinçiligi bolsa, ýurduň ähli sebitleri seýsmiki taýdan işjeň zolaklarda ýerleşýär. Bu bolsa tutuş infrastruktura toplumy üçin töwekgelçilikleri ep-esli ýokarlandyrýar".

Internet trafigi we onuň elýeterliligi

Türkmenistanda internetiň güýjüne we tizligine degişli mesele, onuň petiklenmegi bilermeniň päsgelçilik hökmünde agzan problemalarynyň ýene biridir.

"Türkmenistanyň internet trafigini dünýäniň esasy internet merkezleri bilen birikdirmegiň zerurdygyny bellemek gerek, bu bolsa ýokary tizlikleri we giň geçirijilik ukybyny talap edýär. Häzirki wagtda bar bolan tehniki mümkinçilikler doly ulanylmaýar, emma olaryň kuwwaty Türkmenistanyň internet infrastrukturasynyň örän köne ýagdaýda bolmagy sebäpli çäklendirilýär, häzirki wagtda bar bolan kabeller öz kuwwatynyň diňe 20–30 göterimi möçberinde ulanylýar. Eger agzalan ösüşler durmuşa geçiriljek bolsa, häzirki mümkinçilikler ýeterlik bolmaz".

Internet elýeterliligi halkara maglumat merkezleri üçin esasy zerurlyklaryň arasynda agzalýar, olar dünýäniň galan bölegi bilen örän çalt, süýümli-optik baglanyşyklara mätäçdir.

Şeýlelikde, bilermenleriň bellemegine görä, Türkmenistandaky internet aragatnaşygynyň çäkli geçirijilik ukyby we berk gözegçilikde saklanmagy iri global tehnologiýa kompaniýalarynyň ol ýerde wagta duýgur hyzmatlary ýerleşdirmegine päsgel berip biler.

IT pudagy üçin hünärmen kemçiligi

Türkmenistanly bilermeniň uly mesele hökmünde bellän ýene bir problemasy sanly ulgamy üçin taýýarlykly we bilimli işgärleriň ýetmezçiligi.

"Bu ýetmezçilik ähli derejelerde — ýokary taýýarlykly hünärmenlerden başlap, ökde işçilere we programmistlere çenli duýulýar" diýip, bilermen iň zehinli programmistleriň interneti gözegçilikde saklamak we häkimiýetleriň "şübheli"diýip hasaplan adamlaryň "elektron poçtasyny döwmek" ýaly işler üçin aňtaw gulluklarynda işledilýändigini belledi.

"Şahsyýet kultuna esaslanýan döwlet ideologiýasy we onuň netijeleri bilim ulgamynyň, şol sanda IT pudagynyň ösüşine päsgel berýär. Milli, döwlet we jemgyýetçilik derejesindäki hünär seljermesi ulgamy ýok edildi. Islendik diskussiýa, hatda degişli ministrligiň içinde, gapylaryň aňyrsynda geçirilende-de, diňe iň ýokary derejede eýýäm kabul edilen kararlaryň çäginde amala aşyrylýar. Mundan başga-da, döwlet derejesindäki kararlaryň köpüsi ideologiýa esaslanýar, bu bolsa, meýilleşdirilýän islendik taslama ýa-da täze desga boýunça amala aşyryş mümkinçiliklerini seljermäge, taslamany dürli synaglardan geçirmäge ýa-da onuň uzak möhletleýin işlediş çykdajylaryny çaklamaga mümkinçilik bermeýär" diýip, belermen aýtdy.

Bilermen Türkmenistanyň öz giňişliginde ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin maglumat merkezlerini döretmek ideýasynyň gelip çykyşy barada pikir paýlaşyp, türkmen häkimiýetleriniň takyk planalarynyň entek mälim edilmändigini we onuň gepleşikleri haýsy anyk kompaniýalar bilen geçirmeginiň belli däldigini belledi. Ol bu ýagdaýda meseläniň ýokary derejede agzalmagy öz-özüni mahabatlandyrmakdan başga zat däl diýdi.

"Hawa, bularyň hemmesi diňe bir PR kampaniýasy, başga hiç zat däl. Saparowyň we beýlekileriň bu beýanatlarynyň esasy maksady — Türkmenistanyň ýokary tehnologiýalar bäsleşigine goşulmak üçin mümkinçiligiň we isleginiň bardygyny görkezmekdir" diýip, Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky ýagdaýdan gönüden-göni habarly bilermen Azatlyga aýtdy.

Geçen aýda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy emeli aň we sanly infrastruktura boýunça hyzmatdaşlygy ABŞ bilen ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mesele sebit ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen 19-njy oktýabrda Samarkantda geçiren "C5+1" duşuşygynda gozgaldy.

Mundan öň Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumat merkezleri barada gepleşik geçirilýändigini maý aýynda aýdypdy we şeýle merkezleriň ýokary öndürijilikli hasaplamalar we kriptowalýuta taslamalary üçin ulanylyp bilinjekdigini belläpdi.

Mart aýynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Ýaponiýanyň "Muroosystems Corporation" kompaniýasy bilen maglumat merkezlerini gurmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky memoranduma gol çekilendigini habar berdi. Emma Serdar Saparowyň şu aýyň başynda eden çykyşy bilen bagly resmi habarlarda ýapon kompaniýanyň ady agzalmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzili (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň Halkara howa menzili (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň häkimiýetleri Aşgabadyň Halkara howa menziliniň adyny, göräýmäge, resmi derejede öňünden yglan etmezden “Halkara howa Arkadag menziline” üýtgetdiler. Bu baradaky ilkinji maglumat 10-njy noýabrda resmi metbugatda peýda boldy.

Munuň netijesinde, ýurtda öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň lakamy bolan “Arkadag” atly desgalaryň sanawyna ýene biri goşulan ýaly bolup görünýär.

Habarçylarymyz ilat arasynda dürli garaýyşlaryň bardygyny, olaryň köpüsiniň “halkara derejesinde türkmen paýtagtynyň esasy ýüzi hasaplanýan” bu desganyň adynyň öňünden hiç hili maslahat edilmezden, göräýmäge, üýtgedilmegine nägilelik bildirýändigini aýdýar.

“Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasyna ugramak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa Arkadag menziline bardy” diýip, TDH G.Berdimuhamedowyň Türkiýä başlan iş sapary barada 10-njy noýabrda çap eden habarynda aýtdy.

TDH-nyň G.Berdimuhamedowyň Türkiýä başlan iş sapary barada 10-njy noýabrda çap eden habary
TDH-nyň G.Berdimuhamedowyň Türkiýä başlan iş sapary barada 10-njy noýabrda çap eden habary

Şol güni “Altyn Asyr” döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginde hem, sapar barada görkezilen wideoreportažda paýtagtyň “Halkara howa Arkadag menzilinden” G.Berdimuhamedowy resmi adamlaryň ugradandygy habar berildi.

“Türkmenistan Altyn Asyr” neşiri bolsa, G.Berdimuhamedowyň Türkiýä iş saparynyň tamamlanmagy barada 11-nji noýabrda çap eden maglumatynda “paýtagtyň Halkara howa Arkadag menzilinde ony ýurduň resmi adamlarynyň garşylandygyny” habar berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Aşgabadyň Halkara howa menziliniň adynyň “Halkara howa Arkadag menziline” üýtgedilýändigini, göräýmäge, resmi derejede öňünden hiç hili yglan etmediler.

Azatlyk TDH, “Türkmenistan Altyn Asyr” we beýleki resmi neşirlerde howa menziliniň adynyň üýtgedilendigi we munuň sebäpleri barada haýsydyr maglumat tapmady.

Bu barada Aşgabadyň Halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda hem haýsydyr bildiriş göze ilmeýär. Hatda onda howa menziliniň logotipi we ady öňküligine saklanyp galýar.

Aşgabadyň Halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda 12-nji noýabrda çap edilen habar
Aşgabadyň Halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda 12-nji noýabrda çap edilen habar

Ýöne howa menziliniň web sahypasynda G.Berdimuhamedowyň Türkiýä saparynyň tamamlanandygy barada 12-nji noýabrda çap edilen habarda hem, onuň Halkara howa “Arkadag” menziline barandygy aýdylýar.

Azatlyk bu barada resmi teswir almak üçin 13-nji noýabrda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgisine ençeme gezek jaň etdi. Ýöne redaksiýamyzyň eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Bellesek, 10-njy noýabrdan ozalky resmi habarlaryň ählisinde, şol sanda prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana iş sapary barada 5-nji noýabrda, şeýle-de türkmen lideriniň Daşoguz welaýatyna iş sapary barada 4-nji noýabrda çap edilen maglumatlarda hem desganyň ady “Aşgabadyň Halkara howa menzili” diýlip agzalýar.

Türkmen prezidentiniň kakasy, öňki prezident we Halk Maslahatynyň başlygy G.Berdimuhamedowyň “Arkadag” lakamynyň ýurtdaky iri desgalara we beýlekilere dakylmagy bilen bagly tejribe indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

Bularyň arasynda iň öňe saýlanýany, iri ilatly nokat, ýagny Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan täze “Arkadag” şäheridir. Aşgabadyň merkezinden 30 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän we 70 müň ilata niýetlenen şäher tas noldan guruldy.

Gurluşygy 5 milliard amerikan dollaryna barabar boljakdygy mälim edilen Arkadagyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda G. Berdimuhamedowyň doglan gününde boldy. Şeýle-de, Arkadag şäherinde “Arkadag” stadiony we “Arkadag” futbol topary hem bar.

Türkmenistanda G.Berdimuhamedowyň lakamyny göterýän desgalaryň sany barada takyk maglumatlar elýeterli bolmasa-da, ýurtda “Arkadag” myhmanhanasy, “Arkadag” seýilgähi, “Arkadag” gazeti w “Arkadag” teleýaýlymy bar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolýan ýerli synçylar we halkara bilermenler Türkmenistanda soňky ýyllarda has-da ýaýbaňlandyrylýan “Arkadag” propagandasyna “lideriň şahsyýet kultuny has-da ösdürmek tagallalary” hökmünde baha berip gelýärler.

Habarçylarymyz häzirki wagtda ilat arasynda dürli garaýyşlaryň bardygyny, olaryň köpüsiniň “halkara derejesinde türkmen paýtagtynyň esasy ýüzi hasaplanýan” bu desganyň adynyň ilat bilen öňünden hiç hili maslahat edilmezden ýa-da bildiriş yglan edilmezden, göräýmäge, üýtgedilmegine nägilelik bildirýändigini aýdýar.

“Bu adamlarda dürli soraglary, nägilelikleri döredýär. Öň Aşgabadyň halkara howa menzili öňki merhum prezident Saparmyrat Nyýazowyň lakamyny göterip, Saparmyrat Türkmenbaşy halkara aeroporty atlandyrylypdy, indem Halkara howa Arkadag menzili atlandyrylýar. Her lider kellesine gelenini edýär. Halkyň pikirini soraýan ýolbaşçylar ýok. Arkadag ölenden soň, onuň ady näme bolarka?” diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy kinaýaly sorag bilen sözüni jemleýär.

Bellesek, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem ýurtda resmi taýdan “Türkmenbaşy”, ýagny “türkmeniň başy” yglan edilipdi. Ýöne Berdimuhamedowyň 2006-njy ýylda döwlet başyna geçmegi bilen “Türkmenbaşynyň” şahsyýet kultunyň dabaralandyrylmagy ilki selçeňleşdi, soňra doly aradan aýryldy.

Şondan soň sähel salymyň içinde Berdimuhamedow “Arkadag” yglan edildi we ‘Türkmenbaşynyň’ şahsyýet kultuna derek, ‘Arkadagyň’ kulty öňe sürlüp başlandy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty 2022-nji ýylda prezident wezipesini ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirenden soň, has-da güýçlendi we onuň adyny göterýän ýerler köpelip başlady. Ol 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa, kanun taýdan “türkmen halkynyň milli lideri” yglan edildi.

Türkmenistany dünýäniň iň ýapyk we iň awtoritar režimleriniň biri dolandyrýar. Türkmen hökümeti adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edilýär. Bu aralykda, Türkmenistanyň raýatlary indi ençeme ýyl bäri barha ýitileşen agyr durmuş-ykdysady problemalardan ejir çekýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

​
XS
SM
MD
LG