Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gonduras häkimiýetleri Manuel Selaýe ýurda dolanmaga rugsat bermändir


Gonduras häkimiýetleri häkimiýetden çetleşdirilen prezident Manuel Selaýe ýurda dolanmaga rugsat bermändir. Gonduras paýtagtyndan gowuşýan habarlara görä, harbylar Selaýeniň samolýotynyň gonmagyna rugsat bermändir. Uçaryň düşmeli ýoly ýapylypdyr. Selaýe Salwadora uçmaga mejbur bolupdyr.

Şol bir wagtda-da Gondurasyň paýtagtynda goşun bilen Selaýeniň tarapdarlarynyň arasynda çaknyşyk bolupdyr. Dürli maglumatlara görä, bir ýa iki adam ölüpdir, ýaralananlar bar.

Selaýe iýun aýynyň ahyrynda döwlet agdarylyşygy netijesinde ýurtdan çykarylypdy. Günbatar döwletleri, Latyn Amerikasynyň ýurtlarynyň aglabasy oňa goldaw bildirdiler.
XS
SM
MD
LG