Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama rus syýasatyna golaýlaşýar


Dmitriý Trawin Obamanyň häzirki aladalarynyň ABŞ-niň “Global at abraýyny” täzeden dikeltjekdigine ynanýar.
Dmitriý Trawin Obamanyň häzirki aladalarynyň ABŞ-niň “Global at abraýyny” täzeden dikeltjekdigine ynanýar.

Russiýanyň oppozisiýa liderleriniň biri Boris Nemsowyň Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, ol Obama bilen duşuşykdan üýtgeşik bir zada garaşmaýar. Emma bu duşuşugyň ähmiýetlidigini belleýär.

“Orsýetiň diňe korrumpirlenen, döwlet kapitalizm strategiýaly resmi Putinçilik däldigini dünýäniň bilmegi Russiýa üçin möhüm. Ýurtda Putinçilik bilen ylalaşmaýan başga adamlar we syýasy güýçler hem bar” diýip Nemsow aýdýar. “Olar Putinçiligiň ýurdy petige alyp barýandygyna we alternatiwanyň bardygyna düşünýärler. Şol alternatiwa bolsa, erkin we demokratiki Russiýa.”

Adam hukuklary we demokratiýa faktory

Nemsowyň sözlerine görä, Obamanyň prezident Medwedew bilen duşuşygy wagtynda oppozision güyçler bilen duşuşmak karary, Ak Tamyň Russiýada adam hukuklaryny we demokratiýany goldajakdygyny berk duýdurmagydyr. “Hatda, olar muny Kreml bilen gatnaşyklaryny ösdürmegi göz öňünde tutýan wagtlarynda hem etmekçi.”
Nemsow: "Ýurtda Putinçilik bilen ylalaşmaýan başga adamlar we syýasy güýçler hem bar."

Nemsow munuň Amerikanyň öňki prezidenti Reýganyň dissident we Nobel bayragynyň eýesi Andreý Saharowy, 1988-nji ýylda Owal ofisinde kabul etmek kararyny ýatlatyandygyny belledi. “ Şol döwür ABŞ-niň öňki Sowet lideri Gorbaçew bilen gatnaşygy gowydy.”

Obama Moskwa ugramazdan öň Ak Tamyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň Russiýa we Ýewraziýa boýunça bölüminiň ýokary derejeli başlygy Maýkl MakFaul “prezident Obamanyň Kreml bilen gowy gatnaşyklar bilen birlikde Russiýanyň halky bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň pikirini edýändigini” žurnalistlere aýtdy.

Töwekgelçilik bar

Şol bir wagtyň özünde, käbir analitikler Russiýa jemgyýetinde Amerika garşy garaýşyň güýçlidigi üçin ABŞ-niň islendik prezidentiniň, hatda Obama ýaly meşhur lideriniň oppozisiýa bilen ýakynlaşmagynyň olara zyýan etmek töwekgelçiliginiň bardygyny duýdurýarlar.

Emma, Sankt Peterburgdaky Ýewropa uniwersitetiniň alymy Dmitriý Trawin Obamanyň häzirki aladalarynyň ABŞ-niň “Global at abraýyny” täzeden dikeltjekdigine ynanýar. “Şunlukda, Amerikanyň ýene-de Orsýetli demokratlar üçin model, nusga bolmagy ahmal.”

Orsýetli oppozisiýa wekilleriniň käbiri Medwedewiň ýurduň liberallaşmagyna köpräk ýol berjekdigine umyt edýärler. Emma, analitikleriň aglabasy primýer ministr Putiniň howpsuzlyk gulluklary arkaly ýurdy dolandyrmagy dowam edýändigine ynanýarlar.

Şu aýyň başlarynda Associated Press agentligine beren interwýusynda prezident Obama Orsýetli kärdeşi Medwedew bilen gowy gatnaşykdadygyny aýdyp, Putiniň Russiýa-ABŞ gatnaşyklaryna “Sowuk uruş eýýamyndaky yaly çemeleşýändigini” belledi.

Oppozisioner Boris Nemsow geçen aýda eden çykyşynda Orsýetiň liberallaşma we demokratiýa dolanmagyna şansyň bardygyny belledi. Nemsowyň sözlerine görä, Obama örän payhasly we gowy adamlary diňleýär. “Eýsem, ol meni diňledimikä? Men ony bilemok. Yöne, ol Medwedewi prezident we halkara gatnaşyklara, strategiki meselelere jogapkär hasaplayar. Bu Medwedewe prezident hökmünde kömek edýär. Şonuň ýaly hem, bu ýagdaý Amerikanyň ýerasty düzgünleri dälde, kanunyň dabarlanmagyny goldaýandygyny görkezmäge Obama ýardam edyär.”
XS
SM
MD
LG