Türkiýede türkmen aktiwistleri Alişer Sahatow bilen Abdulla Orusowyň ýitirim bolanyna bir ýyl boldy. Adam hukuklaryny goraýjylar transmilli repressiýa syýasaty, zorlukly ýitirim edilmeler bilen tanalýan Türkmenistanda adam hukuklary bilen baglanyşykly dowam edýän aladalara üns çekýärler.