Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gondurasdaky krizisi çözmekde Kosto-Rikanyň prezidenti araçy bolar


Gondurasyň 28-nji iýunda wezipesinden çetleşdirilen prezidenti Manuel Selaýe bilen duşuşygyndan soň, ABŞ-niň döwlet sekretary Hillari Klinton Döwlet departamentinde hepdäniň ikinji güni çykyş edip, “Gondurasdaky syýasy krizisi çözmekde Kosto-Rikanyň prezidenti Oskar Arias halkara araçysy bolar” diýipdir.

Kosta-Rikanyň prezidentiniň araçylyk roly bilen Selaýeniň-de, häzir onuň wezipesini eýelän Roberto Miçelettiň-de razylaşandygyny, ABŞ-niň Döwlet sekretary habar beripdir.
XS
SM
MD
LG