Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Opera aýdymçysy Annagül Annagulyýewa aradan çykdy


Meşhur opera aýdymçysy Annagül Annagulyýewa.
Meşhur opera aýdymçysy Annagül Annagulyýewa.

SSSR –iň halk artisti, meşhur opera aýdymçysy Annagül Annagulyýewa uzaga çeken agyr keselden soň, 18-nji iýulda 85 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Türkmen opera sungatynyň ilkinji ýerine ýetirijileriniň biri Annagül Annagulyýewa 1941-nji ýyldan başlap Türkmen Opera-Balet Teatrynda işleýär. Ol bu teatryň sahnasynda “Zöhre-Tahyr” operasynda Zöhräniň, “Şasenem-Garyp” operasynda Şasenemiň, “Kemine we Kazy” operasynda Ogulbegiň, “Ýewgneniý Onegin” operasynda Tatýananyň, “Garahal gelin” operasynda Lizanyň, “Rusalka” operasynda Nataşanyň we başga-da köp gahrymanlaryň keşbini janlandyrýar, olaryň adýymlaryny, ariýalaryny ýerine etirýär.

Teatral-sahna işlerinden başga-da, birnäçe çeper filmde, şol sanda adamysy, SSSR-iň halk artisti, kinorežisser Alty Garlyewiň “Derýanyň aňyrsy-serhet” filminde surata düşýär.

Annagül Annagulyýewany Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda, dogduk obasynda jaýladylar. Beýik artistiň aradan çykanlygy barasynda 20-nji iýulda Türkmenistanyň gazetlerinde Türkmenistanyň prezidentiniň, Ministrler Kabinetiniň hem-de Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň gynanç haty çap edildi.

Jaýyň jennetden bolsun, türkmen aýdym-saz, opera sungatyna uly goşant goşan, türkmen operasynyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Annagül Annagulyewa!

Biz merhumyň ýakynlaryna, dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanjymyzy bildirýäris.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy
XS
SM
MD
LG