Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý bilen Orsýetiň harby güýçleri harby türgenleşiklere başlarlar


Şu gün Hytaýyň döwlet habar serişdeleri Hytaý bilen Orsýetiň harby güýçleriniň ertirden başlap bilelikde harby türgenleşiklere başlaýandyklaryny habar berdiler.

Hepdäniň üçünji gününden başlap bäş gün dowam etjek bu harby türgenleşigiň terrorçylyga garşy göreş hem-de etniki separatizm ýaly konfliktler boýunça geçirilýändigi habar berilýär.

Maglumata görä, köpsanly söweş uçarlarynyň we tanklaryň gatnaşmagynda geçirilýän bu harby türgenleşige iki ýurtdan jemi 1300 töweregi esger gatnaşar. Edil bu wakanyň öňýany, ýakynda Hytaýyň häkimiýetleri ýurduň Singjan prowinsiyasynda ýüz beren bulagaýçylyklarda «separatistik güýçleri» aýyplap çykyş edipdiler.
XS
SM
MD
LG