Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýanyň prezidenti resmi sapar bilen Aşgabada bardy


Düyn Rumyniýanyň prezidenti Traian Basesku resmi sapar bilen Aşgabada bardy. Ol prezident Berdimuhamedow bilen duşuşar. Baseskunyň bu sapary Türkmenistanyň öz gazyny dürli ýollardan akdyrmak tagallasy bilen bagly ädimlerinden soňra edilýär.

Geçen aprelde Orsýete gaz akýan turbada partlama bolandan soň, Türkmenistan Hytaý we Eýran bilen gaz gatnaşyklaryny hasda ösdürdi.

Prezident Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň aprelinde NATO-nuň Rumyniýada bolan sammitine gatnaşypdy. Ol Ýewropa Birleşigine agza döwletlere ilkinji saparyny Rumyniýa etdi diýip Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berdi.
XS
SM
MD
LG