Olary bir-birine baglanyşdyrýan şeýle umumylyklaryň köp bolmagyna garamazdan, sýyasy taýdan bu iki ýurduň aragatnaşygy ýakyn wagta çenli dartgynly bolup geldi.
Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe Türkmenistan Bakuwdaky ilçihanasyny hem ýapypdy.
Syýasy meseleler bilen bir hatarda, bu iki ýurt Hazar deňziniň statusy, şeýle-de şol deňizde ýerleşýän ýerasty baýlyklaryň eýeçiligi meselesi hakda hem ylalaşman gelýärler.
Emma Aşgabatda täze hökümetiň häkimiýet başyna gelmegi bilen, bu iki ýurduň aragatnaşygynda birneme öňegidişlik göze ilýär. Şunlukda Hazaryň statusy we türkmen gazyny Azerbeýjanyň üsti bilen Ýewropa akdyrmak meselesi barada hem gaýtadan gürrüň edilip başlandy.
Geçen hepdäniň ahyrynda Azerbeýjanyň paýtagty Bakuwda bu iki ýurduň wekilleriniň arasynda geçirilen ýygnak hem şeýle aladalaryň dowamy ýaly bolup görünýär.
Şu mesele bilen baglanşykly, Azerbeýjanyň döwlet uniwersitetiniň Halkara Kanunçylyk bölüminiň professory Rüstem Mamadow bilen Türkmen gullugyndan Muhammad Tahir söhbetdeş boldy.
Azatlyk radiosy: Türkmenistan bilen Azerbeýjanýň aragatnaşygynyň häzirki ýagdaýy barada öz pikiriňizi aýdaýsaňyz?
Rüstem Mamadow: Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň aragatnaşygy kem-kemden gowulaşýar. Biziň ählimiz geçmişde bolan şol ýakymsyz wakalary ýatlamazlyga çalyşýarys.
Sebäbi Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow Aşgabadyň Bakuw bilen aragatnaşygyna weto edipdi. Hakykat ýüzünde bolsa, şol syýasat Azerbeýjandan beter Türkmenistanyň özüne zyýan ýetirdi.
Türkmenistanda häkimiýet başyna geçen täze ýolbaşçy Gurbanguly Berdimuhamedow gaty konstruktiw adam. Ol Türkmenistanyň geljeginiň Azerbeýjandan üzňe däldigine göz ýetirýär.
Şeýle-de Berdimuhamedow Türkmenistanyň ösüşiniň Ýewropa bilen aragatnaşygyny ösdürmeklige baglydygyna we Azerbeýjanyň bolsa bu ýoluň üstünde ýerleşýändigine göz ýetirýär.
Şunlukda, türkmen ýolbaşçylary Azerbeýjan bilen aragatnaşygyny artdyrmaga synanyşýar we bu ugurda Aşgabat belli bir derejede üstünlik hem gazandy.
Azatlyk radiosy: Baku bilen Aşgabadyň geçmişde ýüze çykan ýaramaz ýagdaýlary ýada salmazlyga synanyşýandygyny aýtdyňyz. Bu iki ýurduň aragatnaşygynda häzirki döwürde üýtgän zat näme? Ýagny bu aragatnaşygyň artdyrylmagy barada edilýän tagallalara zerurlyk nireden peýda boldy?
Rüstem Mamadow: Biz garyndaş millet. Müňlerçe azeri gyzy türkmenlere durmuşa çykan. Munuň özi bu iki ýurduň arasynda ýakynlygyň uly bir alamatydyr. Ikinjiden dinimiz, kökümiz bir. Elbetde bu ýönekeý bir mesele däl.
Şeýle-de nebit, gaz, söwda, taryhy ýüpek ýoly meselesi ýaly ugurlarda hem, biziň ykdysady bähbitlerimiz bir-biri bilen berk utgaşan. Türkmenistan Azerbeýjana geçýän ýoluň üstünde we Azerbeýjan bolsa Türkmenistana geçýän ýoluň üstünde ýerleşýär. Bu umumylyklar, bu iki garyndaş ýurduň bir-biri bilen hyzmatdaşlyk edip bilelikde iş alyp barmagyna itergi berýär.
Gysga möhletli käbir problemalaryň ýüze çykmagyna garamazdan, bu iki ýurduň biri-birine ýakynlaşmagyna hiç kim böwet bolup bilmez. Bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Azerbeýijanyň arasynda gepleşikler geçirmäge, şol sanda Hazar deňzinde ýerleşýän nebit ýataklarynyň eýeçiligi hakda pikir alyşmaga mümkinçilikler döräp dur.
Azatlyk radiosy: Men hem Hazar deňzinde ýerleşýän nebit yataklary barada soramakçydym. Türkmenleriň Serdar we azerileriň bolsa Kepaz diýýän nebit yataklary baradaky ylalaşmazlyklaryň häzirki ýagdaýy nähili?
Rüstem Mamadow: Meniň pikirimçe bu ugurda problema ýok. Häzirki döwürde bu mesele hakda iki ýurduň wekilleriniň arasynda umumylykda iş alyp barmak barada gürrüň edilýär.
Meniň eşdişime görä, türkmenleriň hem muňa islegi bar. Bu ugurda kim hakly kim haksyz diýlen problemany esasy meselä öwürmän, bu ugurda bilelikde iş alnyp barylsa, bu has makul sýyasat bolar. Häzir şol ugurda iş alnyp barylýar.
Azatlyk radiosy: Ýakynda türkmen resmileri bilen azeri wekilleriniň arasynda Bakuwda gepleşikler geçirildi. Baku Hazar deňzinde ýerleşýän bu nebit ýataklary bilen bagly ylalaşmazlygyň çözgüdi barada türkmenlere nähili teklipler hödürleýär?
Rüstem Mamadow: Men bu gepleşiklere gatnaşmadym. Şonuň üçin maňa şol duşuşyklarda nähili meseleler hakda gürrüň edilendigini aýtmak kyn. Eger logiki taýdan bu ylalaşmazlyk barada pikir edilse, olaryň düşünişmezligine hiç hili sebäp ýok.
Yagny, Kepazyň bilelikde işlenmegi, Hazaryň astyndan türkmen gazynyň Azerbeýjana akdyrylmagy şeýle-de Türkmenistanyň Azerbeýjanyň üstünden öz gazyny Türkiýä we Ýewropa satmagy ýaly meselelerde olaryň arasynda ylalaşyk gazanmaga uly mümkinçilik bar.
Meniň pikirimçe, Azerbeýjan bu ugurda Türkmenistana her hili goldaw bermäge taýýar.
Azatlyk radiosy: Azerbeýjanyň Kepaz we türkmenleriň bolsa Serdar diýýän bu nebit ýataklary baradaky ylalaşmazlygy aradan aýyrmak üçin Bakuwuň Aşgabada hödürleýän teklibi, bu ýataklaryň bilelikde işlenmeginden ybaratmy?
Rüstem Mamadow: Kepaza Azerbeýjan uly mukdarda maýa goýdy. Taryhy nukdaý nazardan hem seretsek, bu ýataklary Baku tapdy. Bu Sowet Soýuzy döwründe bolan wakalardyr.
Bu goýlan maýalary Türkmenistana bermegimiz mynasyp bir sýyasat bolmaz. Sebäbi biziň hem şol ýerde amala aşyran maksatly işlerimiz we goýan ykdysady maýalarymyz bar.
Meniň pikrimçe, Türkmenistan hem bu barada azeriler bilen gepleşikler geçirip şol ýere maýa goýmaly we bu baýlygyň 50 prosentine razy bolup Baku bilen bilelikde iş alyp barmaly. Bu problemanyň iň makul çözgüdi.
Azatlyk radiosy: Türkmen gazynyň Azerbeýjanyň üsti bilen Ýewropa eksport edilmegi meselesi, diňe Azerbeýjanyň razylyk bermegi bilen boljak iş däl. Sebäbi Hazarda gurulmaly islendik proýekt hakda bu deňize goňşy beýleki ýurtlaryň hem razyçylygy alynmaly. Şeýle ýagdaýda bu problema nähili çözülip bilner?
Rüstem Mamadow: Bu turba deňziň düýbinden geçirler. Eger Hazaryň beýleki goňşylary bu proýekte razyçylyk bermese, biz öz aramyzda ylalaşyp bu turbany öz territoriýamyzda gurarys. Muňa Orsýetiň dahyly bolmaz.
Orsýetiň bu barada ýaýradýan beýanatlaryna seretmäň. Sebäbi Azerbeýjan bilen Türkmenistan bu proýekti Hazaryň özüne degişli böleginden amala aşyryp bilerler. Emma munuň üçin isleg bolmaly. Isleg bolmasa bu proýekti amala aşyrmak mümkin däl.
Azatlyk radiosy: Azerbeýjan ýakynda Moskwa uly möçberde gaz satmak barada ylalaşyga gol goýdy. Şunlukda, Moskwanyň islemeýän proýektini Orsýet bilen aragatnaşygy giňelýän häzirki döwürde Baku nähili makullap biler?
Rüstem Mamadow: Meniň pikirimçe, Azerbeýjan bilen Orsýetiň arasynda gelnen ol ylalaşyk arkaly Moskwa bu baýlykdan öz paýyny aldy. Şunlukda, bu problemanyň eýýäm çözülendigini pikir ediýärin. Elbetde ähli meseleler biri-birine bagly we uly bir sistemanyň içinde hereket edýär.