Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşlaşmasy kyn bolan “Ruhnama”


Türkmenistanly ýaşlar ýene-de giriş ekzamenlerde mejbury ýagdaýda Ruhnamadan ekzamen bermeli.
Türkmenistanly ýaşlar ýene-de giriş ekzamenlerde mejbury ýagdaýda Ruhnamadan ekzamen bermeli.

Türkmenistanyň ýokary we ýörite okuw jaýlaryna girjeklerden dokument kabul ediş kampaniýasy 6-njy iýulda başlandy. Ýöne eýýäm dünýasini täzelän diktator göze görünmese-de, kampaniýa ýolbaşçylyk edip ýören ýaly duýulýandygyny halkara synçylar bellediler.

Göräýmäge Nyýazowyň rehimsiz hem gazaply ýurdy dolandyryşy bilen bagly bolan köp sanly betbagytçylyklardan soň, jemgyýet öňki döwrün alamatlary, simwollary bilen hiç wagt ýaşamajak ýaly. Ýöne ol entek başa baryberenok.

Okuwa girjek ýaşlary okuwa kabul ediş kampaniýasynda önki döwrüň alamatlaryndan nämeler göze ilýär? Türkmenistanly ýaşlar ýene-de giriş ekzamenlerde mejbury ýagdaýda Ruhnamadan ekzamen bermeli. Ölüp giden serdaryň erk-islegine müňlerçe we müňlerçe ýaşlar ýene-de bagly, garaşly, tabyn bolmaly. Bu bolsa öňki ideologiýa köpçüligi daňyp goýmagyň bir guraly bolup hyzmat edýär.

Eger Ruhnama boýunça bu işiň ýerine ýetirilişine gatnaşýan ene-atalary, mugallymlary, köp sanly barlagçydyr inspektorlary goşsaň, Nyýazowyň hiç ýere ýitirim bolmandygy belli bolýar. Onuň yzyndan goýup giden hapasy saklanyp galýar. Häzirki ýagdaýda biolog boljakmy? Ruhnamasyz ol başa barmaz. Fiziklerem, zootehniklerem, geljekki lukmanlaram, beýleki ugurlardan spesialist boljaklaram Ruhnamasyz käre eýe bolup bilmez.

Elbetde, şu günki güni Nyýazowyň halkyň depesinde durup, höküm süren döwri bilen deňeşdirip bolmaz. Öňki döwür müňýyllyklardan gaýdýan türkmen taryhynda iň bir zalym, kadaly nukdaý nazardan düşündirip bolmajak elhenç döwür bolup galar. Öz döwründe Ruhnamasyz hiç bir ýere işe ýerleşmek mümkin däldi. Diktator ölenden soň Ruhnamaň abraýy birden aşak gaçdy. Görlüp oturylsa, ol hemme ýerde, hemmeler üçin asla zerur zat däl eken. Ýöne onuň yzygiderli özüni görkezip durmagy, bardygyny aýan etmesi türkmen halkynyň ýakyn geçmişinden gaty kynlyk bilen ara açýandygyna şaýatlyk edýär.

Halkyň arzyly islegleri

Ýurtda göze ilerlik özgerişleriň bardygyny köp synçylar belleýärler. Nyýazowyň zyýanly, paýhyn ediji köp kararlaryna düzedişler girizmek boýunça türkmen häkimiýetleri anyk ädimler ädýär. Ylymlar akademiýasy dikeldildi. Opera teatry täzeden açyldy. Nyýazowyň dargadan bilim we saglygy saklaýyş sistemalaryny halas ediş işleri alnyp barylýar.

Ähli ýurtlarda, hemme wagt islendik özgerişler prosessinde şol bir içerki güýç peýda bolýar, özüni görkezýär. Türkmenistanyň içinde-de, daşynda-da köp adamlar şol özgerişlere, tizden-tiz geçmiş bilen ara açylaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Nyýazowýň ýok eden hukuklarynyň barynyň dikeldilmegini hem adalatsyz suduň hökümi bilen gözenekden aňry geçirilen tussaglaryň azatlyga çykarylmagyny, ähli gymmatlyklara ýaňadan seredilmegini isleýärler. Ýakyn geçmişi ýatladýan islendik zat, goý, ol tutuş ýurduň ähli künjeklerinde dikilen başynyň heýkelleri bolsun ýa adamlardan doldurylan türmeler, ýa Ruhnama –bularyň bary adamlary ähliumumy gorky döreden diktatoryň zamanasyna gaýdyp getirýär.

Halkyň şol arzyly islegleri haçan hasyl bolar? Häzirki nesil wadalaryň däl-de, hakykyk özgerişleriň miwesinden azajyk dadyp oňman, doýagarna alnyp bilermi? Eýsem köp ýyllaryň görgülerinden soň şeýle eşrete türkmenler mynasyp dälmi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG