Bize gowşan maglumata görä, Türkmenistanyň görnükli alymy, ylymda we tehnikada at gazanan işgäri Aşyrpur Meredow 86 ýaşynyň içinde şu gün Aşgabatda aradan çykypdyr.
Merhum türkmen edebiýatynyň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşandy bilen tanalýar.
Aşyrpur Meredow türkmen klassyklary hakynda ýüzlerçe ylmy makala ýazdy. Onuň iň görnükli eserlerinden biri «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi» diýip, merhumy tanaýanlar belleýärler.
Azatlyk radiosynyň işgärleri alymyň maşgalasyna gynanç bildirýärler.