ABŞ-nyň öňki prezidenti Bill Klinton, şu gün diplomatik missiýasy bilen Demirgazyk Koreýa bardy.
Bill Klintonyň, Demirgazyk Koreýada 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen 2 amerikan žurnalist zenanynyň azat edilmegi babatda gepleşik geçirmek üçin barandygy habar berilýär.
ABŞ-nyň Ak Tamy, Klintonyň hususy sapar bilen Demirgazyk Koreýa barandygyny tassyklady.
Lora Lin we Ýuna Li, şu ýylyň mart aýynda Demirgazyk Koreýanyň hem-de Hytaýyň araçäginde tussag edilipdi. Olar bikanun ýurda girmekde hem-de duşmançylykly hereket etmekde aýyplandylar.