Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymguly Ýaşlar birleşigi we ideologiýa


Geçen dynç güni Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň ýedinji Mejlisi boldy.

Eýse, bu maslahatda iň möhüm meseleler barada gürrüň edildimi? Geňeşiň öňde goýýan wezipeleri şu günki türkmen ýaşlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryna nä derejede jogap berýär?

Elbetde, forum örän şüweleňli geçipdir. Mugallymlaryň, studentleriň, media we jemgyýetçilik guramalarynyň ählisi bu duşuşygy gurnaýjylaryň planlarynyň möhümdigini subut etmäge çalyşdylar. Eýse, bu ýylky maslahat öňkülerden nähili tapawutlandy?

Ýaşlar guramasynyň dörän ýyllarynda Türkmenistanda örän köp möhüm özgerişler boldy. Türkmenistanyň ýaşlary Nyýazowyň ýurdy dolandyran eýýamynda bolan zatlar barada ýaşuly nesilden düşündiriş aldylarmy? Eýse, nämüçin öňki režimde kabul edilen kararlar häzir ümsümlik bilen ýatyrylýar ýa-da şolara gös-göni gapma-garşy ädimler ädilyär?

Nyýazow bilimi büs-bütin dargadypdy. Häzir Ylymlar Akademiýasy we medisina üpjünçiligi täzeden dikeldildi. Nyýazow türkmenleriň öz operasynyň bolmagyna garşy boldy. Häzir opera sungaty hem gaýtadan dikeldilýär. Hut şeýle ýagdaý sirk bilen bagly hem boldy. Täze ýolbaşçylar başga-da köpsanly täzeligi durmuşa geçirdiler.

Eyse, ýurduň Ýaşlar guramasy Nyýazowdan soňky häkimiýetleriň täze ädimlerini maslahat edýärmi? Şeýle-de, Nyýazow eýýamynyň nogsanlarynyň kimdir biri tarapyndan täzeden gaýtalanmajakdygyna haýsy-da bir kepilnama barmy? Eýse, Nyýazowyň diktaturasynda ýaşan uly ýaşly watandaşlarynyň gorkusy ýaş Türkmen oglan-gyzlarynda saklanyp galdymy? Bu zatlar ösüp gelýän ýaş nesliň beýnisini çaýkamak we olary Ruhnamany ýazan ýeke-täk ýolbaşçynyň golastynda saklamak üçin edilmedimi? Şeýle-de olar ýaşlara täsir etmek üçin esasy pedagogik ýarag bolup hyzmat etmedimi?

“Ruhnama” ideologiýa roluny oýnamaýar

Nyyazowyň aradan çykmagy bilen “Ruhnama” bütinleý unudylmasa-da, bu eseriň ähmiýeti ep-esli kemeldi. Häzir Ruhnama öňküler ýaly ählumumy wagyz we ideologiýa roluny oýnamaýar. Şol bir wagtyň özünde bu özgerşler jemgyýetçilik analizleri we düşündirişler bilen berkidilmedi. Şonuň üçin-de, özlerinde “Ruhnama” synagy geçirilen ýaşlar häzire çenli bu bolan zatlara düşündiriş almak mümkinçiliginden mahrum.

Eýse, Magtymgulynyň adyny göterýän Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşiniň şular ýaly meseleleri analiz etmäge mümkinçiligi barmy? Mundan köp wagt geçmänkä, ýerli geňeşlere saýlawlar geçirildi. Eýse, bu saýlawlarda ýaşlar nähili rol oýnady? Saýlaw proseslerine, şol sanda ýaş kandidatlaryň gatnaşmagyna we saýlawlara taýýarlyk işlerine ýaşlar ýeterlik çekildimi? Türkmenistanyň ýaşlary ýerli geňeşliklere saýlananlar ýaş nesliň bähbitlerini gorar diýip, ynamly aýdyp bilermi?

Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşiniň duşuşygy baradaky habarlara görä, ýaşlardan döredijilik we watançylyk ruhundaky zähmete garaşylýar. Eýse, häkimiýetler ýas nesliň diňe döwletiň isleýän zadyny ümsümje ýerine ýetiriji bolman, ýurtda täze durmuşyň gurulmagyna hakyky gatnaşyjy bolarlyk real we anyk mümkinçilikleri berermi? Özem ýokardan berlen görkezmeler däl-de, Ýaşlar hereketiniň öz içinde dörän inisiatiwalar esasynda.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG