Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan – geosyýasy çuwaldaky ýurt


Welsapar: "Türkmenistanyň öz döwlet gurluşy adalatly hem rahat bolmasa, hiç bir ösen tehnologiýa ýa-da serhet gullugy ýurdy bela-beterlerden gorap bilmez."
Welsapar: "Türkmenistanyň öz döwlet gurluşy adalatly hem rahat bolmasa, hiç bir ösen tehnologiýa ýa-da serhet gullugy ýurdy bela-beterlerden gorap bilmez."
Türkmenistanda şu ýyl, 11-nji awgustda, ilkinji gezek serhetçiler güni bellenildi. Bu professional baýramçylyk. Ony girizmekden maksat – Watan serhetleriniň goragyny berkitmek, serhet gullugynyň abraýyny artdyrmak hem bu problema giň halk köpçüliginiň ünsüni çekmek bolsa gerek. Sebäbi halkyň meýletin we düşünjeli goldawy bolmasa, ýurduň araçäklerinde hiç haçan asudalyk bolmaz.

Muňa düşünmek üçin Türkmenistanyň ýerleşýän regionyna göz aýlamagyň özi ýeterlik. Geografiýa taýdan möhüm ýerde ýerleşýär diýilse-de, iş ýüzünde Türkmenistan – geosyýasy çuwaldaky ýurt! Sebäbi onuň daş-töweregini esasan totalitar döwlet gurluşly ýurtlar gurşap alýarlar. Şol sebäpdenem ýurduň araçäklerini goramak aýratyn möhüm işe öwrülýär.

Serhet goragynyň iň agyr bölegi Türkmenistan üçin, elbetde, Eýran hem Owganystan bilen aralykda. Çünki bu iki ýurt diňe bir regionda däl, eýse bütin dünýäde-de iň problemaly ýurtlar hasaplanylýar. Eýranda Agressiw yslam rejimi höküm sürse, Owganystanda ýagdaý ondan-da agyr. Ol ýerde 30 ýyldan bäri uruş gidýär. Agressiw dini fanatizme daýanýan talyban rejimi Günbatar döwletleriniň gatnaşmagynda agdarylsa-da, talybanlar doly ýan berenok, olar gaýtadan häkimiýeti ele almak üçin gazaply uruş alyp barýarlar. Onsoň Türkmenistanyň serhetleriniň iň töwekgel zonasynyň Eýrandyr Owganystan bilen aradalygyna şübhe galanok.

Ol goňşylarymyzdan biziň topragymyza ilki bilen dini fanatizmiň ideýalary howp salýar. Bu howpy inkär etmek – reallykdan daşlaşmak we jogapkärçiliksiz hyýalbentlige ýüz urmakdyr. Dini fanatizmiň wagzy SSSR ýykylyp-ýykylmanka Eýrandan Türkmenistana ýol saldy. Bu ýurtdan dünýewi Türkmenistana dürli harytlar bilen bir wagtda agressiw dini ideýalar hem aralaşyp başlady. Goňşy ýurtlylara durmuşa çykan türkmen gyzlarynyň türkmende ata-baba görülmedik gara bürenjegi başlaryna atynyp, öz ilinde ýaşap başlamagy – dini wagzyň janly görnüşidir.

Gazaply howp - neşe belasy

Eýran serhedinden abanýan ikinji bir örän gazaply howp – neşe belasy boldy. Türkmen-Owgan serhedi-de neşe belasynyň akym ugry. Bu ýurtlar bilen aradaky serhet Türkmenistan üçin geljekde-de uzak ýyllaryň dowamynda töwekgel çäk bolup galsa gerek. Eger-de türkmen topragyny, biziň geljekki nesillerimizi dini fanatizmden hem neşe belasyndan halas etjek bolsaň, onda türkmen-eýran we türkmen-owgan araçäklerini gözüň göreji ýaly goramaly bolar. Olaryň beýleki döwletler bilen aradaky serhetlerden has uzyndygyny göz öňünde tutsaň, onda bu çäklerdäki asudalygy hem dynçlygy iň kämil döwrebap tehnologiýa daýanýan professional serhet gullugynyň hem ählihalk goldawyň üpjün edip biljekdigine düşünmek kyn däl. Bu aýdylanlar, elbetde, belli bir derejede Türkmenistanyň ähli araçäklerine-de degişli.

Emma Türkmenistanyň öz döwlet gurluşy adalatly hem rahat bolmasa, hiç bir ösen tehnologiýa ýa-da serhet gullugy ýurdy dini hem neşe gaçakçylygyndan we beýleki bela-beterlerden gorap bilmez. Sebäbi neşe gaçakçylygynda-da, dini ideýalaryň ýurda aralaşmagynda-da, Türkmenistanyň öz graždanlarynyň belli bir bölegi aktiw rol oýnaýar. Bu bolsa, eýýäm diňe bir kriminal däl-de, eýse düýpli sosial problema.

Sosial problemalary-da, repressiw çäreler arkaly çözüp bolmaýar, olardan diňe halkyň ýaşaýyş derejesini belli-külli ýokary götermek arkaly dynsa bolar. Halk öz ýurduny mejbury däl-de, ýürekden söýmese, araçäkler hiç haçan berk bolup bilmez. Eýse, halk haçan öz ýurduny ýürekden söýýär? Haçanda öz topragynda erkana hem bol-elin durmuşda ýaşasa, öz ertirki gününe ynamy bolsa, diňe şonda. Halkyň öz topragyndaky bol-elin hem erkana ýaşaýşy – ýurduň araçäkleriniň howpsuzlygynyň gözbaşy hem iň berk goragydyr.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we syýasy analitik. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG