Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda gurluşyk forumy geçirildi


Geçen hepde Türkmenistanda gurluşyk senagatynyň perspektiwalaryna we gurluşyk materiallaryna bagyşlanan konferensiýa we halkara sergi açyldy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu sergä gatnaşyjylara ýüzlenme ýollapdyr. Ýüzlenmede prezident milli programma görä, ilatyň sosial statusyny gowulandyrmak obalaryň, posýoloklaryň, etrap merkezleriniň ýaşaýjylarynyň, sosial-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmak ugrunda ýurtda uly masştabda iş alnyp baryljakdygyny aýdypdyr.

Milli programma onlap döwrebap mekdepleriň, keselhanalaryň, çagalar baglarynyň, sosial-ykdysady desgalaryň gurluşlaryň, aragatnaşygyň has täze görnüşleriniň ösdürilmegini-de öz içine alýar. Milli programmany amala aşyrmakdan maksat: ýurdumyzyň ähli ilatyny döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmekdir diýip, prezidentiň ýüzlenmesinde aýdylýar.

Türkmenistanyň prezidenti öz ýüzlenmesinde Aşgabat şäheriniň bolçulygyň we abadançylygyň mekany bolmalydygyny, şeýle-de Türkmenistanyň öz raýatlary üçin eşret mekanyny gurýan döwlete öwrülmelidigini, gurmagyň we döretmegiň diňe kuwwatly döwlete mahsusdygyny belläpdir.

Gurluşygyň perspektiwasy

Gyrgyzystanly syýasaty öwreniji Orazbek Moldaliýewiň pikirine görä, gurluşyk bu döwlet üçin örän perspektiw işdir. “Sebäbi gurluşyk özüne beýleki pudaklary-da çekýär. Iş orunlary döreýär. Gurluşykda arhitektorlar, gurluşykçylar, gurluşyk injenerleri, suw we kanalizasiýa, transport işgärleri, ýönekeý işçiler we beýlekiler iş bilen üpjün edilýärler. Bu bolsa, ýurtda şeýle senagatlary ösdürmäge mümkinçilik berýär, bu gutlanmaly ýagdaý.”

Özbegistanly jemgyýeti öwreniji Kamron Aliýew hem iş orunlary azalýan ykdysady krizis döwründe öz halkyňy iş bilen üpjün etmegiň iň gowy ýoly – bu gurluşyk işlerini hem-de täze asfalt ýollaryň, demir ýollaryň gurluşygyny ýola goýmakdyr diýýär. “Bu Türkmenistanyň halky üçin örän bähbitli bolar. Ilki bilen ýurt abat bolýar, obalar, şäherler abat bolýar.Ykdysadyýet üçin ýollar gurlup, iň möhümi-de, halk üçin iş orunlary döreýär.”

Aşgabatdaky habarçymyz Aşyrguly Baýryýewiň sözlerine görä, Aşgabatda gurluşyk işleri dowam edýär. Emma Aşgabadyň bir topar ýerlerinde hiç bir täze gurulýan zat ýok diýse-de bolýar. Şäheriň merkezi we dag tarapy täze görke eýe bolupdyr. Şäherde häzir juda gymmatbahaly jaýlar gurulýar.

«Gurulýan jaýlar ministrlikleriň, edaralaryň işgärleri üçin berilýär. Aýdyşlaryna görä, üç otagly jaý köne puldan 3 milliard manat töweregi durýar. Adamlara käbir ýeňillikler berilýär. Öz işgärleriniň satyn alan jaýlarynyň bahasynyň deň ýaryny edaralaryň özleriniň töleýän wagty-da bar. Ol adamalaryň işleýän ýeri bilen bagly. Kredit berilýär 25-30 ýyllyk möhlet bilen. Eger-de şol möhletde jaýyň karzyny töläp bilmeseň, häkimiýetleriň jaýy seniň eliňden almaga hukugy bar» diýip Baýryýew aýdýar.

Gurulýan jaýlar ýönekeý halk üçin elýeterlimi?

Golaýda Aşgabatda bolup gelen Gyrgyzystanyň ýaşaýjysy Aşgabatda döwrebap owadan jaýlaryň gurulandygyny, emma olarda adam ýaşaýandyr diýerlik hiç hili alamatyň ýokdugyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, ol jaýlarda gijesine, umuman, yşyk görünmeýär, çyra ýanmaýar. Gündiz hem adamalaryň girip-çykanyna ýa-da çagalaryň oýnap ýörenine gözi ilmändir.

Türkmenistanly bir zenanyň Azatlyk radiosynyň radiomyzyň habarçysyna aýtmagyna görä, olaryň ýaşaýan jaýlary ýykylyp, dört ýyldan bäri jaýsyz kösenýärler. «Bize meňzeş, jaýlary ýykylyp, hapa ýerlerde ýaşap ýörenler kän. Biziň prezidentimiz her çykyşynda meniň ilkinji aladam halkym bolar. Olary ýaşaýyş jaýlary we beýlekileri bilen üpjün ederin diýýär. Emma ýerli wekiller, häkimlikler bu sözlere biperwaý garaýarlar. Eger şeýle bolanda, bizi aldaman, biziň hal-ýagdaýymyza serederdiler.»

Täze gurluşyklar nä derejede bähbitli?

Häzirki wagtda kommersiýa maksadynda elita jaýlary gurulýar. Bu jaýlar ýonekeý halk üçin elýeterli däl diýlip habar berilýär. Moldaliýewiň pikirine görä, hökümet bu ýagdaýy, elbetde, hasaba almaly. “Ýonekeý halk üçin arzanrak bahadaky ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, keselhanalar gurulsa, bu gurluşyk syýasatynyň maksada laýyk ugra gönükdirilendigini aňladar.”

Türkmenistanly zenan Azatlyk radiosynyň habarçysyna beren gürrüňinde bu pudakda korrupsiýanyň has ösendigini hem belleýär. «Bermeli paranyň möçberi gün-günden köpelýär. Sebäbi geçen 8-nji maý güni paýlanan jaýda paranyň özi 5-7 müň dollara çenli galypdyr.»

Moldaliýewiň pikirine görä, bu pudakdaky korrupsiýanyň öňüni almak üçin açyk we anyk kontrol bolmaly. “Onsoňam, bu pudagyň iň jogapkärli pudakdygyny ýatdan çykarmaly dal. Eger bu faktlara üns berilmese, Ermenistandaky, ýagny Spitakdaky ýagdaýyň gaýtalanmagy mümkin. Ol ýerde ýer titreme bolanda, bütin şäher ýykylyp, näçe adamlaryň ölümine sebäp bolupdy. Şonda jaýlaryň ýykylmagynyň esasy sebäbi gurluşyk kadalaryna üns berilmän, binalaryň hili pes materiallardan salynmagy we harsallyk bolupdyr.”

Eger bu ulgama korrupsiýa aralaşsa, şeýle ýagdaýyň gaýtalanmagy mümkin. Beýle ýagdaý bolmaz diýip, hiç kim kepil geçip bilmez. Emma, gynansak-da, bütin Merkezi Aziýada haýsydyr bir pudaga korrupsiýasyz diýmek kyn – diýip, Moldaliýew aýdýar.

Onuň sözlerine görä, täze binany kimiň proýektine görä we haýsy kompaniýanyň gurandygy arhiwde uzak wagt saklanýar. Şonuň üçin bu işde kimiň
Merkezi Aziýada haýsydyr bir pudaga korrupsiýasyz diýmek kyn.
günäkärdigini islendik wagtda tapmak bolýar.

Jemgyýeti öwreniji Aliýew hem bu ulgamdaky korrupsiýanyň öňüni almak üçin ekspertler monitoring alyp barmaly we korrupsiýanyň derejesini azaltmaga gönükdirilen hökümet programmasy işlemeli diýip nygtaýar.

Baýryýewiň pikirine görä, bu gurluşyklaryň halka bähbitli bolmagy üçin ýaşaýyş jaýlary hemmelere elýeterli bolmaly.«Halka arzan düşer ýaly, elýeterli bolar ýaly etmeli. Arzan bolmaly we köp bolmaly. Şol ýagdaýda olaryň halka haýry ýeter. Köşk gurup, oňa-da halk baryp bilmese, nyrhlar gymmat bolsa, halk satyn alyp bilmese, ondan halka peýda ýok-da.»

Moldaliýew bolsa, halka ýeňilleşdirilen görnüşdäki karzlaryň berilmelidigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG