Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Molotow-Ribbentrop paktynyň taryhy


Germaniýanyň nasist Daşary işler ministri Ýaçin Won Ribbentrop (çepde), Döwlet sekretarynyň orunbasary Fredrih Gaus, Sowet lideri Iosif Stalin (3-nji) we onuň Daşary işler ministri Wýaçeslaw Molotow (sagda) Kremlde, 23-nji awgust, 1939-njy ýyl.
Germaniýanyň nasist Daşary işler ministri Ýaçin Won Ribbentrop (çepde), Döwlet sekretarynyň orunbasary Fredrih Gaus, Sowet lideri Iosif Stalin (3-nji) we onuň Daşary işler ministri Wýaçeslaw Molotow (sagda) Kremlde, 23-nji awgust, 1939-njy ýyl.

Öňki Sowet Soýuzynyň Daşary işler ministri Molotow we onuň german kärdeşi Ribbentropyň ady bilen Molotow-Ribbentrop pakty diýlip tanalýan şertnama 1939-njy ýylyň 23-nji awgustynda gol çekildi.

Birek-biregiň üstüne çozmazlyk baradaky bu resmi pakt bir gizlin protokoly-da öz içine alýardy. Bu protokol boýunça demirgazyk we gündogar Ýewropa German we Sowet “täsir sferasy” diýlip ikä bölünýärdi. Netijede Latwiýa, Litwa, Estoniýa we Rumynýanyň Bessarabiýa regiony – häzirki Moldowa – sowetleriň we nasistleriň golastyna düşüp, ejir baryny çekdiler. Protokol şeýle hem regionyň uly böleginiň uruşdan soň, zor bilen Sowet Soýuzyna birikdirilmegine getirdi.

Latwiýanyň okkupasiýa muzeýiniň direktorynyň orunbasary Walters Nollendorfs: “Bu ejiz döwletleriň iki duşmany bardy, gaçara hem ýeri ýokdy” diýýär. “Biz ikarada edil gysajyň içinde galypdyk. Latwiýanyň garaşsyzlygy ugrunda söweşip bolmaýardy. Latwiýalylar partizançylyk urşuny diňe Ikinji jahan urşy tamamlanansoň, alyp baryp bildiler. Latwiýanyň tokaýlarynda partizançylyk hereketi 50-nji ýyllara çenli dowam etdi” diýip, Nollendorfs belleýär.

Ol wakalardan 70 ýyl soň, indi Polşadyr Baltika – garaşsyz döwletler hem-de olar Ýewropa Birliginiň agzalary. Ýöne özüni täzeden dürsäp gelýän Orsýet töweregindäki ýurtlarda şol öňki “täsir sferasy” diýilýän gorkyny oýarmaga ymtylýar.

Molotow-Ribbentrop pakty netijesinde aşa köp ilatyň dogduk mekanyndan örki üzüldi. Baltika döwletleri, Polşa we Moldowadan ýüz müňlerçe adam Sibire sürgün edildi. Soň hem bu ýurtlara orslaryň dökülmegi bilen etniki düzüm üýtgäp, şu güne çenli dowam edip gelýän jedele ýol açyldy.

“Adamlar milli kökünden sogruldy”

“Biz ýüzlerçe ýylyň dowamynda gazanylan baýlyklary elden berdik. Kompaniýalar, dükanlar, ençeme nesil tarapyndan düýbi tutulan kooperatiwler gitdi. Ikinjiden, daýhanlar öz ýerlerinden çykaryldylar. Kolhozlar, sowhozlar gurlup, adamlar öz ýerleriniň aladasyny etme ukybyny ýitirip ugradylar. Graždan hukuklary elimizden gidip başlady. 1939-njy ýylyň güýzünde Ukrainanyň medeni jemgyýetleri ýok edildi. Adamlar milli kökünden sogruldy” diýip, Lytwyn aýdýar.

23-nji awgustda Estoniýada, Latwiýada we Litwada Molotow-Ribbentrop paktynyň 70-nji ýyl dönümi bellenip, Orsýetiň regionda agalygyny täzeden ornatmaga synanyşýandygy barada bu ýurtlarda barha artýan ünji-alada dünýä jemgyýetçiliginiň ünsi çekildi.

Ýöne şunça ýyldan soň bu gorka näme sebäp bolýarka?

Nollendorfsyň pikiriçe, köp adamlarda alada oýarýan zat – Orsýet bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar, aýratyn-da energiýa sektoryndaky hyzmatdaşlyk. “Ýaramaz duýgularyň bardygyna şübhe ýok. Kämahallar metbugatda täze Gitler-Stalin pakty döräp gelýär diýen baş makalalar, okyjylardan gowuşýan hatlar peýda bolýar. Meniň pikirimçe, bular çişirip aýdylýan zatlar. Ýöne munuň nireden gözbaş alýandygyna düşünip bolýar” diýip, Nollendorfs aýdýar.
XS
SM
MD
LG