Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO komandirleri köpräk esger soraýar


NATO ýaranlygynyň Owganystandaky ýokary derejeli komandirleri talyp gozgalaňçylara garşy köpräk esger iberilmegini talap edýärler we bu baradaky talaby, golaýda regiona baran ABŞ-nyň Owganystan we Päkistan boýunça ýörite ilçisi Riçard Holbrooga mälim etdiler.

23-nji awgustda NATO ýaranlygynyň ýokary derejeli komandirleri ABŞ-nyň ýörite ilçisi Riçard Holbruga Owganystana, ylaýta-da ýurduň günorta-gündogaryna, şol ýerdäki gozgalaňçy talyp toparlaryna garşy göreşmek üçin köpräk harby güýçleriñ iberilmegini talap etdiler.

Owganystanyň gündogaryndaky amerikan harbylaryna komandirlik edýän Birleşen Ştatly general-maýor Kurtis Sparotti talyplara ýolbaşçylyk edýän Jelalutdin Hakganynyň we onuň ogly Serajutdiniň hereketiniň ol ýerlerde hem-de Päkistan bilen araçäkde giň ýaýrandygyny Holbrooga aýdypdyr. «Hakgany uly howp bolup durýar» diýip, amerikan generaly Holbruk bilen duşuşandan soňra habarçylara mälim edipdir.

Talyplaryň hüjümi azalmaýar


Häzirki wagtda Owganystanda NATO bilen ABŞ-nyň harbylarynyň sany 100 müňe ýetirildi. Muňa garamazdan, talyplaryň hüjümi azalmaýar, ol mahal-mahal artýar.

Holbruk bilen duşuşan NATO-nyň komandirleri şonuň ýaly-da Päkistan-Owganystan araçäginde gozgalaňçy talyp toparynyň hüjümleriniň artýandygyna-da ünsi çekip, bu baradaky aladalaryny beýan edipdirler.

Bu ýerde Hakganynyň baş karargähiniň bardygyna-da ynanylýar. Harbylar, şonuň ýaly-da, eýran-owgan araçägindäki bidüzgünçilikler we gozgalaňçy toparlaryň bu ýerdäki hereketleri dogrusynda-da Holbruga maglumat beripdirler.

Owganystandaky NATO-nyň we ABŞ-nyň ähli harbylaryna ýolbaşçylyk edýän general Stanleý Mak Kristal, ABŞ-nyň Owganystan boýunça täze strategiýasyny gözden geçirýär. Mak Kristalyň goşmaça 20 müň esger talap etjegi habar berildi.

ABŞ-nyň harby güýçleriniň baş ştabynyň bilelikdäki ýolbaşçylaryndan Admiral Maýk Mullen-de köpräk esger iberilmegini sorapdyr.
Harbylaryň missiýasyna häzir köp üns berilýär.


“Harbylaryň missiýasyna häzir köp üns berilýär we general Mak Kristal owgan halkynyň howpsuzlygy barasynda iş alyp barýar, birnäçe aý mundan ozalkysy bilen deňeşdirilende, göze ilerlik derejedäki özgerişler bolýar. Howpsuzlyk dogrusynda taraplar ýagdaýyñ barha agyrlaşýandygyna düşünýärler” diýip, admiral Mullen aýtdy.

Owganystanda alnyp barylýan urşuň ýeňil hem aňsat däldigine ynanýanlar bu ýurda köpräk esger iberilmegiň tarapyny tutýarlar.
XS
SM
MD
LG