Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Molotow-Ribbentrop paktyndan habary bolmaýanlar kän


Daşary işler ministri Wyaçeslaw Molotow birek-biregiň üstüne çozmazlyk baradaky German-Sowet şertnamasyna gol çekýär, 23-nji awgust 1939 ý.
Daşary işler ministri Wyaçeslaw Molotow birek-biregiň üstüne çozmazlyk baradaky German-Sowet şertnamasyna gol çekýär, 23-nji awgust 1939 ý.

Russiýa Federasiýasynda geçmiş mydama jedelli zat. Molotow-Ribbentrop paktyna gol çekilmeginiň 70 ýyllygy-da şeýle.

Sowet Soýuzynyň Daşary işler ministri Wyaçeslaw Molotow bilen onuň german kärdeşi Ýoahim fon Ribbentrop tarapyndan 1939-njy ýylyň 23-nji awgustynda gol çekilen birek-biregiň üstüne çozmazlyk baradaky şertnama bir gizlin protokoly öz içine alýardy. Bu protokolda demirgazyk we gündogar Ýewropa nasist Germaniýa we Sowet “täsir sferasy” diýlip, ikä bölünýärdi.

Adamlaryň ykbaly bir gijäniň içinde onlarça ýyllap Sowet agalygyna tabşyrylandygy sebäpli bu waka Baltika dowletleri, Polşa we beýleki ýurtlar üçin ajy waka bolup durýar. Ýöne Moskwanyň köçelerinde bu pakta bulardan tapawutly garalýar. Köp adamlar: “Bu pakt zerurdy. Sebäbi Gitler bilen bolmagy gutulgysyz söweşe taýýarlyk görere Sowet Soýuzyna wagt gerekdi” diýýärler.

Sowet resmileriniň bardygyny 1989-njy ýyla çenli boýun alman gelen gizlin şertnamasyndan Moskwalylaryň aglabasy bihabar. Ýöne bu ylalaşyk barada az-kem bilýänleriň-de iki aralykda gysylan halklara kän bir ýüregi awap baranok. Olaryň biri 35 ýaşly Alekseý.

“Baltikalylar bize basybalyjylar diýip pikir edýän bolsalar, ýalňyşýarlar. Biz olary halas etdik. Olar garyp ýurtlardy. Biz olary beýgeltdik. Bu bir syýasy pirim. Muňa çyn zatlar diýip, gulak asyp bolmaz” diýip, Alekseý aýdýar.

Orslaryň deň ýarysyna golaýy habarsyz

Geçirilýän pikir soralyşyklaryň görkezmegine görä, orslaryň deň ýarysyna golaýynyň bu gizlin protokol barada bilyän zady ýok. Ýaňy iýul aýynda Lewada jemgyýetçilik pikiri merkezi tarapyndan geçirilen bir pikir soralşykda orslaryň 61 prosenti Sowet goşunynyň 1939-njy ýylyň sentýabrynda gündogar Polşa süsňäp girenini özleriniň bilmeýändiklerini aýtdylar. Lewada merkeziniň işgäri Denis Wolkowyň garaýşyça, bu san orslaryň özleriniň Sowet geçmişiniň ýaramaz taraplaryny bilmezlige salmaga meýillidigini görkezýär.

“Bu sanlaryň görkezýän esasy problemasy, bir tarapdan halkyň bu paktdan bihabardygy, bir tarapdan-da, taryhy faktlaryň olary gyzyklandyrmaýandygy” diýip, Wolkow aýdýar.

Ýaşlar-ha maglumatlarynyň kem-käsdigini bu wakalaryň gaty ir bolandygy bilen belli bir derejä çenli aklap bilýärler. Ýöne pensiýa çykan Rufina Galiullina hem 70 ýyl mundan ozal bolan zatlary jikme-jigi bilen bilmeýänligini belleýär.

“Men olaryň Polşanyň ýarysyny basyp alandygyny bilemok. Ol wagtlar biz çagadyk. Men ýaňy üç ýaşymdadym. Nämä düşünýärdik? Gazetler bu barada soň-soňlar ýazyp başladylar” diýip, Galiullina belleýär.

Soňky ýyllarda Kreml resmileri ýurduň taryhyna emeli öwüşgin çaýmagy gaýragoýulmasyz işe öwürdiler. Olar taryhy tekstlere ýaňadandan seredilmegini buýrup, Orsýetiň geçmişiniň şübheli baplaryny şöhratlandyrmak üçin metbugaty hem-de milli wakalary ulanýarlar.

Oppozision syýasatçy Wladimir Ryžkow bu zatlara düşünip bilenok. “Men Stalini näme üçin goraýandygymyza, Molotow-Ribbentrop paktynyň Ikinji Jahan Urşunuň turmagynda esasy rol oýnandygy barada näme üçin çekişýändigimize düşünemok. Staline ýa Stalin režimine şahsy duýgudaşlyk diýäýmeseň, munuň başga näme sebäbiniň bardygyny bilemok” diýip, Ryžkow aýdýar.
XS
SM
MD
LG