Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym-Kongo gyzdyrma keseli näme?


Kazakhstan - Health care. Drug store. Red Cross. Astana, 16Feb2009
Kazakhstan - Health care. Drug store. Red Cross. Astana, 16Feb2009

Gazagystanda azyndan alty adamynyň ölümine sebäp bolan Krym-Kongo gyzdyrma keseli Merkezi Aziýada hem-de Günorta Orsýetde wagtal-wagtal peýda bolýar.

Bu kesel sakyrtganyň dişlemeginden ýa-da ol kesele duçar bolan adamyň ganyndan geçip bilýär. Gazagystanda bu kesele duçar bolan ýaş eneden emdirýän çagasyna ol keseliň süýt arkaly geçendigini medisina işgärleri aýdýarlar.

Krym-Kongo gyzdyrma keseliniň wirusy adam organizimine düşensoň, keseliň inkubasion, ýagny daşyndan alamaty bildirmän, gizlin geçýän döwri başlanýar. Ol bir günden on dört güne çenli aralykda dowam edip biler. Köplenç bu kesele ýolugan adamlarda onuň alamatlary 2-6 gün aralygynda ýüze çykyp başlaýar diýip, medisina işgärleri aýdýarlar.

Keseliň alamatlary

Atlantada ýerleşýän kesellere gözegçilik edýän merkeziň işgäri doktor Per Rollin bu keseliň käbir adamlarda örän aram geçýändigini, käbirlerini bolsa heläk edýändigini aýdýar. “Käbir adamlarda bu kesel adaty dümew ýaly geçip, hassalar birnäçe günden soň sagalýarlar. Beýleki adamlarda kesel ýokuşan halatynda gyzgynyň ýokarlanmagy, gan akmanyň peýda bolmagy, gusmak, ganly içgeçmek ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle alamatlar bolan halatynda kesellini hökmany suratda keselhana ýerleşdirilmeli” diýip, doktor Per Rollin maslahat berýär.

Kesel agyr geçen halatynda, hassalanyň gyzgyny 39-40 gradusa çenli galýar. Kellagyry, ysgynsyzlyk, içagyry, myştsalarda hem bogunlarda ýaramaz agyry peýda bolýar. Käbir adamlarda ýüzüň, boýnuň hem-de döşüň derisi gyzarýar. Keseliň alamatlary peýda bolup başlanyndan soň, 2-3 gün geçeninde burnuň, kentlewügiñ ganamagy ýüze çykýar. Soňra aşgazanda hem içegelerde gan akmanyň peýda bolmagy mümkin. Kesellänlerde ortaça 12 günüň dowamynda bedeniň gyzgyny pese düşmeýär. Krym-Kongo gyzdyrma keseliniň beterleşmegi netijesinde öýken çişmesi, böwregiň işiniň ýiti ýetmezçiligi, pnewmoniýa ýaly keseller ýüze çykyp, adamyň ölümine getirip bilýär.

“Emma şol wirusy bolan sakyrtga malda tapylsa, bu ol malyň etinde infeksiýanyň bardygyny aňlatmaýar” diýip, doktor bize gürrüň berdi. Ýagny bu wirus malyň etinde däl-de, şol sakytgada bolýar.

Ýüze çykanda näme etmeli?

Bu keseliň ýüze çykan halatynda näme etmeli diýen sowalymyza doktor Rollin: “Kesellän adamda gusmak, içgeçme ýaly alamatlar peýda bolup, hassanyň bedeninde suw ýetmezçiliginiň duýulmagynyň mümkindigini bize gürrüň berdi. Şonuň üçin näsaga kopräk suwuklyk bermegi doktor maslahat berýär. Keselläniň gyzgyny ýokarlansa, aspirin ýaly düzüminde atsesilsalisil kislotasy bolan dermanlary bermeli däldigini spesialist aýtdy. Sebäbi şeýle dermanlar gany suwuklandyryp, onuñ akmagyny has güýçlendirýär” diýip, jogap berdi.

Bu kesel ýüze çykan halatynda kesselläniň ganly egin-eşigini diňe rezin ellik bilen alyp, poroşok bilen ýuwmagy doktor maslahat berýär. Rezin ellik golastynda bolmasa, ýönekeý selofany ele orap, soňra keselläniň egin-eşigini almaly diýip, doktor aýdýar. Kesseläniň egin-eşigi ýarym sagatlyk kir ýuwulýan poroşok atylan suwa ýatyrylsa, poroşogyň wirusyň hemmesini ýok edýändigini spesialist tassyklaýar. Keselläniň iýip-içýän gap-çanagyny hem dezinfeksiýa etmek maslahat berilýär. Hemme infeksion kesellere degişli bolşy ýaly, bu keselde hem wagtal-wagtal el sabyn bilen ýuwulyp durulsa, keseliň ýaýramagyny haýalladardy diýip, spesialist belledi.

Şeýle-de doktor kesselli bilen gatnaşykda bolan adamalaryň hemmesiniň medisina işgärleri tarapyndan gözegçilik astyna alynmalydygyny, tebigata gezelenç edileninde ýa-da mal-gara seredýän adamlaryñ sakyrtgadan ägä bolmalydygyny, sakyrtga ýapyşan halatynda spesialiste ýüzlenmelidigini radiomyz bilen söhbetdeşlikde maslahat berdi.
XS
SM
MD
LG