Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro programmasy boýunça gepleşiklere taýýar


Eýranyň ýadro meseleleri boýünça gepleşik geçirýän baş wekili Saeed Jalili, ýurdyň ýadro programmasy boýunça Tähranyň gepleşiklere gaýtadan başlamaga taýýardygyny aýdypdyr. Bu barada “al-Alam” atly Eýranyň arap dilindäki telekanaly habar beripdir.

Maglumatlara görä, Saeed Jalili Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly täze teklipleriň taýýarlandygyny, şol teklipleriň esasynda bolsa gepleşikleri geçirip boljakdygyny aýdypdyr.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama sentýabr aýyň ahyryna çenli gepleşiklere gaýtadan başlamak baradaky çagyryşa Eýran jogap bermese, bu ýurda garşy goşmaça ykdysady sanksiýalarynyň giriziljekdigini aýdypdy.

Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro ýaragyny döretmäge synanyşýandygyny güman edýärler. Eýran bu aýyplamalary ret edip gelýär.
XS
SM
MD
LG