Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G20-lik toparynyň ýygnagy ykdysady ýagdaýlara gönükdiriler


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama G20-lik toparynyň ýakynda bu ýurtda geçiriljek sammitiň gün tertibi barada gürrüň etdi.

Ol bu barada eden çykyşynda dünýäniň uly güýçleriniň geljekde bolaýmagy mümkin ykdysady krizisiň öňüni almak üçin esas bolup biljek çäreleri görmelidigini aýtdy.

Bu ýygnak 24-nji we 25-nji sentýabarda ABŞ-nyň Pitsburg şäherinde geçiriler. Bu sammit halkara ykdysady kirizisiň ýaramaz täsiriniň haýal haýaldan azalyp barýan mahalyna gabat geldi.

Obamanyň aýtmagyna görä dünýä güýçleri muňa garamazdan şeýle krizisiň geljekde bolmazlygy üçin ýeterlik çäre görmelidir.

Bu ýygnaga ady agzalýan topara girýän ýurtlaryň hökümet we döwlet baştutanlary gatnaşarlar.
XS
SM
MD
LG