Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Orsýetiň demokratiýasynyň gowşakdygyny aýtdy


Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew bu yurduň demokratiýasynyň gowşakdygyny we ykdysadyýetiniň bolsa netijesizdigini aýtdy.

Onuň öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda Orsýetiň geljegi baradaky programmasyny öz içine alýan şol maglumatda, Moskwanyň ýüzbe ýüz bolup duran iň uly problemasynyň ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we korrupsiýa garşy durmakdygy hem mälim ediliyär.

Gazete.ru gazetiniň web sahypasynda çap edilen şol maglumatda, Medwedew bu yurduň yüzbe-yüz bolup duran beýleki kynçylyklary barada hem durup gecip, olaryň Orsyetiň negatiw demografik strukturasy we dartgynly kawkaz regionyndan ybaratdygyny aýdýar.

Ol durnukly Orsýetiň, bu ýurda gerek bolan syýasy we ykdysady mümkinçilikleri hödürlejekdigini hem öz makalasynda belläpdir.
XS
SM
MD
LG