Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikaly wekiller Owganystana goşmaça harby iberilmegine garşy


ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň spikeri Nansi Pelosi, Owganystana goşmaça harby ibermek baradaky plana o diýen goldaw berilmeýänligini aýtdy.

Pelosiniň bu baradaky cykyşy, prezident Obamany kyn yagdaýda goýdy. Sebabi ol Owganystandaky harby ýolbaşçysynyň talap eden ýagdaýynda, bu ýurda goşmaça harby iberiljekdigini aýdyp gelýär.

Pelosi Ak-Tam ýa Pentagon tarapyndan Owganystana goşmaça harby iberilmegi bilen bagly ediläýmegi mümkin teklibe, Kongresiň garşy çykmagynyň mümkindigini öňe süren Demokrat partiýsynyň iň ýokary derejeli yolbaşçylaryndan biridir.

Senatdaky köpçüligiň lideri Harri Reid bolsa, Obaman bu ugurda anyk karar kabul edýänçä, Demokrat partýasynyň wekilleriniň sabyrly bolmalydygyny aýtdy.

Prezident Obama şu ýylyň başynda, Owganystana 21 müň töweregi goşmaça harby ibermek barada karara gol goýupdy. Bu 2009-njy ýylyň aýagyna çenli Owganystanda ýerleşýän amerikaly esgerleriň sanynyň 68 müňe barabar boljakdygyny aňladýar.
XS
SM
MD
LG