Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan söweşi babatda Päkistan hem nazara alnar


Ýagdaýa baha bermekligiň täze sistemasy Päkistandaky ýagdaýlara-da uly üns berýär.
Ýagdaýa baha bermekligiň täze sistemasy Päkistandaky ýagdaýlara-da uly üns berýär.

Şu hepdäniň çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasy Owganystandaky we Päkistandaky ýagdaýlara baha bermek boýunça täze «baha beriş» sistemasyny kabul etdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama öz administrasiýasynyň Owganystan we Päkistan babatynda taýýarlan täze plany barada eden çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň esasy maksadynyň bu iki ýurtdaky “Al-Kaýdanyň” terrorçylyk hereketleriniň öňüne böwet bolmakdan, onuň köküni gyrmakdan, ondan üstün çykmakdan we onuň geljekde-de bu regiona dolanyp gelmeginiň öňüni almakdan ybaratdygyny aýtdy.

Ak tam üçin ölçeg guraly

Öňde goýulýan şu maksatlar hem indi bu gürrüňi edilýän regiondaky ösüşlere baha bermekde Ak Tam üçin ölçeg guraly bolup hyzmat eder. Şu ýylyň mart aýynda Owganystan we Päkistan baradaky täze strategiýasyny yglan edende, Barak Obama Birleşen Ştatlaryň köre-körlük bilen öňe tarap hereket etmejekdigini nygtapdy. Ol şonda bu regiondaky ösüşlere baha bermekde aýdyň ölçegler sistemasynyň işlenilip düzüljekdigini aýdypdy. Prezident Obamanyň sözlerine görä, şol işlenilip düzüljek ölçegler sistemasy korrupsiýa bilen baglanyşykly problemalar üçin resmilerden jogap talap edilmegini-de göz öňünde tutmalydy.

Özüniň şol çykyşynda prezident Obama Owganystandaky ýagdaýlara Päkistandaky ýagdaýlardan üzňelikde garalmaly däldigini hem nygtapdy. Şu hepdäniň çarşenbe güni bolsa Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasy Owganystandaky we Päkistandaky ýagdaýlara baha bermek boýunça täze ölçegler sistemasyny kabul etdi. Ol dokumentde bu regiondaky ýagdaýlara baha bermekde mundan beýläk mukdar we hil ölçeglerinden ugur alynjakdygy aýdylýar.

Bu nämäni aňladýar?

Beýle diýmek, täze baha beriş sistemasynyň tutuş region boýunça wakalaryň tendensiýasy baradaky statistik maglumata esaslanjakdygyny aňladýar. Mundan daşgary, bu sistema Owganystanyň we Päkistanyň ýerli ýaşaýjylaryndan gelýän maglumatlary hem göz öňünde tutup, alnyp barylýan syýasata nähilidir bir üýtgetme girizmelimi ýa girizmeli däldigi baradaky meselä hem jogap berer.

Bu regiondaky ýagdaýlara baha bermek boýunça täze kabul edilen sistemanyň ýene-de bir aýratynlygy bar. Indiden eýläk «gazanyldy» diýilýän ösüşe Owganystanyň talyplar tarapyndan dolandyrylan döwründäki, ýagny 2001-nji ýyldaky ýagdaýlar bilen deňeşdirip baha berilmejegidir. Mundan beýläk regiondaky ýagdaýlara baha bermekligiň başlangyç nokady 2009-njy ýylyň 17-nji iýuly bolar.

Owganystandaky saýlawlaryň netijeleri

Hepdäniň çarşenbe güni Waşingtonda eden çykyşynda prezident Obama täze geçiriljek baha berişligiň Owganystandaky prezidentlik saýlawlarynyň netijeleri bilen baglanyşykly meseleleri hem öz içine almalydygyny aýtdy.

“General MkKristal Owganystandaky harby strategiýanyň ýagdaýyna baha berip, öz şahsy barlaglaryny geçirdi. Ýöne şonuň bilen birlikde biz ýurtdaky graždan ilatynyň ýagdaýyna, diplomatiýanyň ýagdaýyna, dikeldiş işleriniň ýagdaýyna-da baha bermelidiris. Biz saýlawlaryň netijelerini-de öwrenmelidiris we öňe nähili hereket etmelidigi barada karara gelmelidiris” diýip Obama belledi.

Ýagdaýa baha bermekligiň täze sistemasy Päkistandaky ýagdaýlara-da uly üns berýär. Hususan-da, onda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň syýasy, ykdysady we harby ugurda berýän ýardamlarynyň netijelerine baha berilmelidigine üns çekilýer.

Mundan daşgary, Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasynyň kabul eden bu täze baha beriş sistemasy Päkistanyň dünýewi hökümetiniň we sud sistemasynyň näderejede durnuklydygyna we olaryň näderejede harbylaryň täsirinden azatdygyna hem baha berilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle hem bu täze sistema Owganystan bilen Päkistanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň näderejede erkin iş alyp barýandyklary, iki ýurduň hökümetara gatnaşyklarynyň nähili ýagdaýdadygy ýaly meselelere hem baha berer.
XS
SM
MD
LG