Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain generaly front şertleriniň ýaramazlaşandygyny, goşunlaryň yza çekilendigini aýdýar


"Frontdaky ýagdaý ýaramazlaşdy" diýip, general polkownik Oleksandr Syrskiý telegramda aýtdy.
"Frontdaky ýagdaý ýaramazlaşdy" diýip, general polkownik Oleksandr Syrskiý telegramda aýtdy.

Ukrainanyň ýokary derejeli generaly 28-nji aprelde Kiýewiň gündogardaky goşunlarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny, Russiýanyň “ähli front” boýunça hüjüm edip, “käbir taktiki üstünlikleri” gazanandygyny we ukrain goşunlarynyň täze goranyş pozisiýalaryna yza çekilmäge mejbur bolandygyny duýdurdy.

"Frontdaky ýagdaý ýaramazlaşdy" diýip, general polkownik Oleksandr Syrskiý telegramda aýtdy.

“Strategiki inisiatiwany ele almaga we front liniýasyny böwüsmäge synanyşyp, duşman esasy tagallalaryny birnäçe ugurda jemläp, güýçlerde we serişdelerde ep-esli artykmaçlyk döretdi" diýip, ol aýtdy.

Syrskiý iň kyn ýagdaýlaryň “gazaply söweşleriň dowam edýän ýerinde”, Kurahowe hem-de Pokrowsk etraplarynda dörändigini aýtdy.

"Bu ugurlarda dört brigada çenli güýç ýerleşdiren duşman Awdýiwkanyň we Maryinkanyň günbataryndaky hüjümi ýaýbaňlandyrmaga synanyşýar we Pokrowskä we Kurahowa tarap ýol arçaýar" diýip, general sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol ukrain serkerdeleriniň ýurt goragçylarynyň “janyny we saglygyny goramak" maksady bilen has gowy berkidilen ýerlere yza çekilendigini aýtdy.

"Umuman aýdylanda, duşman bu ugurlarda belli bir taktiki üstünlik gazandy, ýöne amaly artykmaçlyklary gazanyp bilmedi" diýip, ol aýtdy.

Söweş meýdanyndan berilýän habarlar, bu sebitlerde barýan agyr söweş sebäpli, bada-bat tassyklanyp bilmedi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski agşamky wideo ýüzlenmesinde Ýewropa Bileleşigini we NATO-ny öz ýurdunyň Günbatar guramalaryna has çalt agza bolmagy üçin zerur bolan çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy.

Şeýle-de, ol Kiýewiň iň möhüm ýarany bilen, Ukraina bilen Birleşen Ştatlaryň ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasynyň üstünde işleýändigini aýtdy.

"Biz eýýäm ýörite bir tekstiň üstünde işleýäris. Biziň maksadymyz bu şertnamany aňrybaş derejede güýçli etmekden ybarat" diýip, ol aýtdy. “Biz howpsuzlygymyzyň we hyzmatdaşlygymyzyň anyk esaslaryny ara alyp maslahatlaşýarys ... [we] şu ýyl we geljek 10 ýyl üçin belli bir derejede goldaw derejesini kesgitlemegiň üstünde işleýäris".

Waşington Zelenskiniň aýdanlaryna bada-bat düşündiriş bermedi.

Mundan biraz öň Kiýew Russiýanyň Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna garşy täze we köpçülikleýin hüjüm gurnandygyny habar berdi.

Günortadaky Mykolaýiw sebitiniň häkimiýetleri ruslaryň uçuran kamikadze dronlarynyň 28-nji aprel güni irden "ýylylyk öndürýän infrastruktura" hüjüm edendigini we bir myhmanhana agyr zyýan ýetirendigini aýtdylar.

Döwlet gyssagly kömek gullugynyň “Telegram” kanalynda ýerleşdirilen suratlar zyýan ýeten binanyň dargap ýatan harabalygyny we çagalar meýdançasyna ýeten zyýany görkezdi. Pida bolanlar barada habar berilmedi.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri Russiýanyň Mikolaýew asmanyna aralaşan pilotsyz uçaryny we ýurduň beýleki ýerlerine aralaşan dört dronyny ýok edendigini aýtdy.

Bu zarbalar rus goşunlarynyň 26-27-nji aprel gijesinde Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyny agyr nyşana almagynyň yz ýanyndan uruldy. Ukrainanyň iň uly hususy energiýa kompaniýasy bu hüjüm wagtynda öz termiki elektrik stansiýalarynyň dördüsiniň urlandygyny aýtdy.

Zelenski 27-nji aprelde eden wideo ýüzlenmesinde möhüm infrastruktura edilen hüjümleriň günbatar ýaranlarynyň iberýän howa goranyş ýaraglarynyň has çalt iberilmek zerurlygyny görkezendigini aýtdy.

Zelenski ÝB ýurtlaryna tebigy gaz iberýän ýerleriň Russiýa tarapyndan bilkastdan nyşana alnandygyny hem sözüne goşdy.

Russiýanyň gaz we nebit infrastrukturasy, şol sanda günorta-günbatar Krasnodar sebitindäki nebiti gaýtadan işleýän zawod hem hüjüm astyna düşdi. 27-nji aprelde zawodyň işiniň togtadylmagyna getiren dron hüjümi Ukrainadan görüldi. Rus topraklaryny nyşana alýandygy barada juda seýrek düşünidiriş berýän Ukraina bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almady.

Forum

XS
SM
MD
LG