Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raketadan goranyş syýasaty: Obamanyň täze çemeleşmesi nämäni aňladýar?


Ak Tamyň resmileri öňki planyň ýatyrylmagyna sebäp bolan zadyň aňtaw gulluklarynyň “Eýran uzak menzilli raketalary öndürerden entek bärde” diýen maglumatydygyny aýdýarlar.
Ak Tamyň resmileri öňki planyň ýatyrylmagyna sebäp bolan zadyň aňtaw gulluklarynyň “Eýran uzak menzilli raketalary öndürerden entek bärde” diýen maglumatydygyny aýdýarlar.
Amerikan prezidenti Barak Obama öňki hökümet tarapyndan Polşada we Çeh Respublikasynda gurmak göz öňünde tutulan raketadan goranyş baradaky planyň goýbolsun edilendigini bildirdi. Ol bu meselä tapgyrlaýyn çemeleşip, ilkibaşda tutujy uruş uçarlaryndan peýdalanmakçy. Olar gämilerde ýerleşdiriler.

Ak Tamyň resmileri öňki planyň ýatyrylmagyna sebäp bolan zadyň aňtaw gulluklarynyň “Eýran uzak menzilli raketalary öndürerden entek bärde” diýen maglumatydygyny aýdýarlar.

Buşuň administrasiýasynda hem bu wezipede bolan goranmak ministri Robet Gates raketadan goranyş baradaky täze teklibiň özüniň öňki hökümetde goldan sistemasydyny aýdýar: “Biz ýaranlarymyza bil baglamagy hakyky we barha güýjeýän howplardan goranmak üçin olar bilen işleşmegi dowam etdireris. Biziň raketadan goranmagy Ýewropada ýatyrandygymyzy aýdýanlara ýa ýalňyş maglumat berlendir ýa-da olar biziň edýän işlerimize ýalňyş düşünendirler”.

Obamanyň täze çözgüdini goldaýanlar ol Eýrandan Birleşen Ştatlara we onuň Ýewropaly ýaranlaryna häzirki abanýan howpdan goranara Buşuň planyndan gowy diýýärler.

Döwlet departmentiniň ýaragalara kontrollyk bölüminiň öňki işgäri: “Bir wagt hol ilerde döremegi mümkin howpdan goranmak üçin milliardlarça dollar çykdajy etmegiň deregine Obama administrasiýasynyň raketadan goranyş sistemasyny Eýran tarapdan şu gün ýüzbe-ýüz bolnup durlan howpa gönükdirmegi gaty gowy karar” diýip, Steven Pifer aýdýar.

Ýokary ähmiýetli syýasy mesele

Raketadan goranyş ýokary ähmiýetli syýasy mesele. Munda simwol alamaty strategik oýlanyşyk bilen deň rol oýnaýar. Şol sebäpden Amerikan hökümetiniň bu kararynyň Polşada we Çeh Respublikasynda lapykeçlige sebäp bolandygyny çaklamak kyn däl. Sebäbi bu ýurtlar raketadan goranyş sistemasnyň öz topraklarynda ýerleşdirilmegine howpsuzlyk üçin kepilnama diýip garapdylar.

Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk öten çarşenbe güni eden çykyşynda bu lapykeçligi ýaşyrmaga synanyşdy: “Men bu günki wakalary Polşa üçin bir ýeňliş diýip suratlandyramok. Dünýäniň bu böleginde ýerleşýändigimiz üçin biz mydama howpsuzlygyň aladasyny etmeli. Hiç kim hiç haçan biz ýüz prosent howpsuz ýagdaýda diýip bilmez. Biziň ýagdaýymyz bu gün düýnküden erbet diýibem hiç kim aýdyp bilmez” diýip, Tusk tassyklady.

German kansleri Angela Merkel Obamanyň täze planyny “umyt beriji alamat” diýip häsiýetlendirdi. Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Brownyň garaşyça hem bu plan atom ýaraglaryny ýaýratmazlyk üçin uly kömek bolup durýar.

“Men prezident Obamanyň bu kararyny gaty goldaýaryn. Bu atom ýaragly ýurtlaryň birek-birege ynamynyň artýandygyny görkezýär. Atom ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy Beýik Britaniýa üçin gaty möhüm” diýip, Brown aýtdy.
XS
SM
MD
LG