Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Si bilen Hytaý-Rus gatnaşyklaryny pugtalandyryp, Ukrainadaky urşy maslahatlaşdy

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň lideri Si Szinpin Pekindäki resmi garşylaýyş dabarasyna gatnaşýar. 16-njy maý, 2024.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Hytaýyň lideri Si Szinpin Pekindäki resmi garşylaýyş dabarasyna gatnaşýar. 16-njy maý, 2024.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Pekine edýän döwlet sapary wagtynda özüniň Hytaý bilen aradaky hyzmatdaşlygy pugtalandygyny aýdyp öwündi, Hytaýyň lideri Si Szinpin bolsa Ýewropanyň “parahatçylyga we durnuklylyga” gaýdyp gelmegine kömekleşmekde konstruktiw rol oýnamagy wada berdi.

Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başlan giň gerimli urşundan öň öz ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň "çäksizdigini" yglan eden iki lider 16-njy maýda eden bilelikdäki çykyşlarynda öz ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze resminamalara gol çekendiklerini aýtdy.

Öz ýurdunyň izolirlenen ykdysadyýetini we Ukrainadaky uruş tagallalaryny goldamak üçin has köp goldaw gözleýän Putin Moskwa bilen Pekiniň arasyndaky gatnaşyklaryň “halkara arenasynda esasy durnuklaşdyryjy faktorlaryň biri bolup durýandygyny” aýtdy.

Si iki ýurduň gatnaşyklarynyň “gowy goňşular, gowy dostlar, gowy hyzmatdaşlar” hökmünde ösdürilýändigini we Putin bilen özüniň Ukrainadaky uruş üçin “syýasy çözgüt” tapmak zerurlygy meselesinde ylalaşandygyny aýtdy.

"Hytaý Ýewropanyň parahatçylyga we durnuklylyga basymrak gaýdyp gelmegine umyt baglaýar we bu ugurda konstruktiw rol oýnamagyny dowam etdirer" diýip, Si Putin bilen ýanaşyk durup aýtdy.

Ukrainadaky uruş meselesinde bitarapdygyny aýdýan hem bolsa, Hytaý Moskwany ýarag öndürmek üçin zerur bolan esasy bölekler bilen üpjün edip, möhüm nebit-gaz sarp edijisi bolup, rus ykdysadyýetiniň ösüşini berk goldamak bilen, Kremliň öňdebaryjy halkara goldawçysyna öwrüldi.

Putiniň ýokary derejeli döwlet sapary rus güýçleriniň söweş meýdanynda kiçiräk ileleme gazanyp, Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Harkow sebitindäki hüjümini güýçlendiren we bu ýerden 8000 töweregi adamy öýlerinden gaçmaga mejbur eden wagtyna gabat geldi.

Hytaý 2023-nji ýylyň fewral aýynda Ukrainadaky urşy soňlamagyň umumy ýörelgelerini kesgitläp, parahatçylyk üçin giň 12 punktly meýilnama hödürledi, ýöne Pekiniň konfliktdäki taraplar bilen nädip gatnaşyk gurjakdygy barada täze we anyklaşdyrylan maglumat bermedi.

Putiniň Pekine ugramazynyň öňüsyrasynda Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki “Sinhua” habar gullugyna beren interwýusynda Kremliň käbir şertlerde Ukraina barada gepleşiklere başlamaga taýýardygyny aýtdy.

"Biz Ukraina baradaky gepleşige açyk, ýöne şeýle gepleşikler konflikte gatnaşýan ähli ýurtlaryň bähbitlerini, şol sanda biziň bähbitlerimizi hem nazara almaly” diýip, Putiniň söhbetdeşlikde aýdan sözleri getirildi.

Si ýakynda Ýewropa eden saparyndan dolandy. Ol Fransiýa, Serbiýa we Wengriýa baryp, Ýewropa liderleri bilen Ukrainadaky uruş barada pikir alyşdy.

Si Szinpin bu saparyny Hytaýyň Merkezi we Gündogar Ýewropadaky täsiriniň henizem güýçlüdigini görkezmek bilen soňlady.

Putin “Ukrain krizisiniň töweregindäki ýagdaý” barada Si bilen agşam, resmi däl nahar wagtynda gürleşjekdigini aýtdy. Bu iki ýurduň liderleri we iki tarapyň wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagynda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen duşuşyk bolar.

Si we Putin bilelikde çykyş etmezlerinden öň iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada bilelikdäki beýannama gol çekdiler.

Si gepleşikleri "aç-açan, dostlukly we anyk" diýip häsiýetlendirdi, Putin bolsa olaryň "mylaýym we işewür" bolandygyny aýtdy.

Günbatar sanksiýalarynyň halkara söwda ulgamynyň köp bölegine girmegini çäklendirmegi netijesinde, Russiýa soňky döwürde Hytaýa ykdysady taýdan has köp garaşly boldy we Putin rus we hytaý banklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has pugtalandyryljakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol Hytaýyň Guşak we ýol başlangyjyny öwdi.

Hiç bir lider ozal Ýewropa ýurtlaryny gaz bilen üpjün etmekde ulanylan ýataklardan alnan gazy Hytaýa geçirjek “Sibir-2” gaz geçirijisiniň ýagdaýy barada gürrüň etmedi.

Resmi däl ýygnaklardan we döwlet naharyndan soň, Putin 17-nji maýda Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Harbin şäherinde geçiriljek ykdysady foruma ugrar. Bu şäheriň Russiýa bilen berk medeni, taryhy we işewür gatnaşyklary bar.

Forum

XS
SM
MD
LG