Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti BMG-de çykyş etdi


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda çykyş edýär, 23-nji sentýabr, 2009 ý.
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda çykyş edýär, 23-nji sentýabr, 2009 ý.

23-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda doklad bilen çykyş eden döwlet liderleriniň hatarynda türkmen prezidenti Berdimuhamedow hem boldy. Ol öz çykyşynda örän köp meselelere degip geçdi.

Eýse, ol meseleler halkara derejesinde näderejede ähmiýetli we ýerlikli meseleler?

Prezident Berdimuhamedowyň çykyşy, umumy alnanda, giň gerimdäki meselelere, şol sanda Birleşen Milletler guramasyny reformirlemek, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň işini effektiw gurnamak, BMG-niň Aşgabatdaky merkeziniň roluny güýçlendirmek, global derejede täzeçe energiýa modelini işläp düzmek, energiýa geçirijileriniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly halkara kanunçylyk dokumentini taýýarlamak, regionlaryň ýaragsyzlanmagy, terrorizm we neşe gaçakçylygy ýaly problemalara garşy göreş ýaly meselelere-de degip geçdi.

Türkmenistanda syýasy we sosial reformalary uzaga çekdirýänlikde tankytlanylyp gelinýän türkmen prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden eden çykyşynda nämüçindir Türkmenistandaky reformalar barada gürrüň gozgaman, eýse Birleşen Milletler guramasynyň işini reformirlemegiň zerurlygy barada gürrüň etdi.

Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Birleşen Milletler guramasy adalatly we sazlaşykly halkara gatnaşyklaryny döretmekde döwletleriň döredijilikli işiniň goldawçysy bolmalydyr. Şu nukdaýnazardan Türkmenistan Birleşen Milletler guramasynyň reformirlenmek meselesine hem üns berýär. Biziň pikirimizçe, öz işiniň käbir jähtlerinde biziň bu guramamyzyň kämilleşmegine we şu günki günüň talaplaryna görä has effektiw bolmagyna zerurlyk bar diýip hasaplaýar».

Prewentiw diplomatiýa merkezi

Ýöne şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler guramasy bilen hyzmatdaşlyklaryny has-da ösdürmäge taýýardygyny nygtan prezident Berdimuhamedow BMG-niň Aşgabatdaky prewentiw diplomatiýa boýunça merkeziniň roluny güýçlendirmekligiň hem zerurdygyny öňe sürdi.

Türkmenistan boýunça bilermen, taryh ylymlarynyň doktory Artýom Ulunýan BMG-niň Aşgabatdaky prewentiw diplomatiýa boýunça merkeziniň hakykatdanam Türkmenistan üçin möhüm rol oýnap biljek merkezdigini aýdýar. «Köp analitikler başda bu merkez baradaky ideýany ýöne bir boş şygar diýip hasaplapdylar. Ýöne, meniň pikirimçe, Türkmenistanyň häzirki häkimiýetleri öňi bilen BMG-niň bu merkeziniň üsti bilen özleriniň regiondaky pozisiýalaryny güýçlendirmek isleýärler”.

Bilermen Artýom Ulunýan şol merkeziň beýleki möhüm ugurlaryny şeýle düşündirýär: “Ikinjiden bolsa, olar Merkezi Aziýa regionyny geosyýasy taýdan özygtyýarly bir zona öwürmek we onda-da energiýa resurslaryna baý Türkmenistana möhüm rol bermek isleginden ugur alýarlar. Üçünjiden bolsa, türkmen häkimiýetleri bu merkezi diňe bir Owganystandaky ýagdaýlary durnuklaşdyrmak maksady üçin ulanmak bilen hem çäklenmän, eýse Merkezi Aziýadaky we, şol sanda Türkmenistandaky energiýa geçirijileriniň, howpsuzlygyny üpjün etmek maksady üçin hem ulanmak isleýärler. Şu nukdaýnazardan, türkmen häkimiýetlerinde BMG bilen birlikde ýewropalylaryň we amerikalylaryň bu meselä ünslerini çekmek üçin hem uly şanslary bar”.

Energiýa howpsuzlygy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda eden çykyşynda truboprowodlaryň geçýän ugurlarynyň geografiki taýdan birtaraplaýyn bolmagynyň dünýä bazarynyň ýagdaýyna-da ýaramaz täsir edýändigini bellän prezident Berdimuhamedow Merkezi Aziýa regionynda we kaspiýaka sebitde ýaragsyzlanmak meselesiniň hem möhümdigini nygtady. Türkmen prezidenti hatda şu mesele boýunça geljek ýylyň başynda Türkmenistanda halkara konferensiýany geçirmek teklibini hem öňe sürdi.

Energiýany diwersifikasiýa etmek meselesi bilen bir wagtda türkmen prezidentiniň ýaragsyzlanmak meselesini-de gozgamagy onuň Orsýetiň harby basyşlaryndan howatyr edýän bolmagy mümkin diýen garaýyşlary hem döretdi. Emma analitik Artýom Ulunýan meseläniň diňe Orsýet bilen bagly däldigini öňe sürdi: «Ýeterlik harby kuwwaty bolmadyk we hiç hili harby bloklara ýa guramalara-da agza bolup durmaýan Türkmenistan bu regiona abanmagy mümkin bolan islendik basyşlary azaltmaga çalyşýar. Şol sanda ol Merkezi Aziýa regionynda harby-syýasy bloklaryň täsirleriniň jemlenmegini-de islemeýär».

Käbir bilermenleriň pikiriçe, energiýa resurslaryna baý Merkezi Aziýa regiony soňky wagtlar, hakykatdanam, daşarky güýçleriň täsir ugrundaky potensial regionlaryndan biri hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan olar bu ugurda Merkezi Aziýanyň döwlet liderleriniň bildirýän aladalarynyň hem ýerliksiz däldigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG