Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsyet Eýranda geçirilen raketa synaglaryna alada bildirdi


Orsyetiň DIM-i Sergeý Lawrow Eýranda geçirilen raketa synaglaryna alada bildirip, beýle hereketden saklanmaga çagyrdy.

Lawrowyň sözlerine görä, halkara ylalaşyklary synag geçirmegi gadagan etmeýär, emma Eýranyň ýadro programmasynyň töweregindäki ýagdaý çözülmedik wagty beýle synaglar uly alada döredýär.

Lawrowyň beýannamasy Eýranyň DIM-i Manuçer Mottaki bilen Nýu-Ýorkda duşuşygyndan soň peýda boldy.

Ýewrobileleşigiň daşary syýasat boýunça ýokary wekili Hawier Solana-da hepdäniň bazar we birinji günleri Eýranyň raketalar uçurmagyna alada bildirdi. ABŞ Eýranyň bu hereketini “prowokasiýa” atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG