Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Režissýor Roman Polanski tussag edildi


Režissýor Roman Polanski.
Režissýor Roman Polanski.

ABŞ-da režissýor Polanski 32 ýyl mundan ozal 13 ýaşly gyz bilen jynsy gatnaşykda bolmakda aýyplanýar.

Režissýor Roman Polanskiniň aklawçylary onuň Şweýsariýadan Birleşen Ştatlara tabşyrylmagyna garşy göreşýärler.

Tussaglykdan boşatmaga synanyşýarlar

Polanskiniň wekilleri ony Şweýsariýada tussaglykdan boşatmaga synanyşýarlar we ABŞ-a 76 ýaşly režissýory tabşyrmak baradaky talabyň bikanundygyny subut etmäge synanyşýarlar.

ABŞ-nyň sudy bolsa Polanskini jogapkärçilikden gaçýan jenaýatçy hasap edýär. Polanskiý 1977-nji ýylda aktýor Jack Nicholsonyň Golliwuddaky öýünde bolan foto sessiýasynda 13 ýaşly gyza alkogol we neşe berip, onuň bilen jynsy gatnaşyga girenlikde aýyplanypdy.

Roman Polanskiý 13 ýaşly gyz bilen seksual gatnaşyklara degişli aýyplamalary boýun alypdy we 42 gününi tussaglykda geçiripdi. Ol psihiki barlagdan hem geçipdi.

Polanskiý gyzyň seksual taýdan tejribeli bolup, şeýle gatnaşyklara özüniň razy bolanlygyny aýdypdy. Emma kämillik ýaşyna ýetmedik gyz bilen gatnaşyklar kanun taýdan zorluk hökmünde kesgitlenilýär.

1978-nji ýylyň başynda Polanskiý sud höküm çykarmanka, Fransiýa gaçyp gitdi. Ol şondan bäri ABŞ-a barmady. Hatda 2003-nji ýylda onuň “Pianinoçy” atly filmi Oskar baýragyna mynasyp bolanda-da, dabara gatnaşmandy.

Şu aýyň başynda Kaliforniýanyň sudy Polanskiniň Zurich Kino Festiwalynyň baýragyny almak üçin Şweýsariýa barjagyny anyklapdyr. Roman Polanskiý 27-nji sentýabrda Zurichde tussag edildi, Birleşen Ştatlaryň sudunyň beren orderi muňa esas boldy.

Şweýsariýa tussag etmäge borçly

Şweýsariýanyň Adalat ministri Ewelin Widmer Şlampfyň aýtmagyna görä, ýurduň ABŞ bilen bar bolan ylalaşygyna laýyklykda, Şweýsariýanyň häkimiýetleri ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň halkara gatnaşyklar boýunça edarasy tarapyndan berlen wagtlaýyn order esasynda Polanskini tussag etmäge borçly.

Häzirki wagtda amerikan häkimiýetleri Roman Polanskiniň ABŞ-a tabşyrylmagy üçin resmi talaby taýýarlaýarlar. Polanskiý Şweýsariýadan özüniň ABŞ-a tabşyrylmazlygyny talap etmäge hakly, bu proses aýlara we hatda ýyllara çekip biler.

Polanskiniň aklawçylary soňky 30 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň häkimiýetleriniň ony yzyna gaýtarmak ugrunda hereket etmändiklerini aýdýarlar we Sweýsariýanyň suduna ýüz tutanlarynda, olaryň muny delil hökmünde ulanmagyna garaşylýar.

Öz nobatynda amerikan sudy muňa garşy durmaga taýýar görünýär. Amerikan sudy geçen ýyllaryň dowamynda Polanskini Ýewropada tussag etmek boýunça birnäçe şowsuz synanyşyklaryň edilendigi barada maglumat ýaýratdy.

Eger Polanski ABŞ-a tabşyrylsa..

Eger Polanski ABŞ-a tabşyrylsa, onuň Los Anjeles sudunyň gahar-gazabyna uçrap, esasy aýyplamalardan daşgary adalatdan gaçmak synanyşygy üçin hem berk jezalandyryljagyny Günorta Kaliforniýa Uniwersitetiniň kanun boýunça professory we ABŞ-nyň öňki federal prokurory Jean Rosenbluth belledi.

Ýewropada aktýorlar we režissýorlar jemgyýetçilige ýüzlenip, Roman Polanskini goldamaga çagyrdylar. Fransiýanyň Medeniýet minsitri Frederik Mitteran hem şeýle çagyryşlara goşulyp, Polanskiniň işiniň ABŞ-nyň howply taraplaryny görkezýänligini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Fransiýanyň Medeniýet ministriniň sözlerini kommentirlemekden ýüz öwürdi.

Roman Polanskiý Fransiýanyň raýaty we Oskar baýragyna we Kann film festiwalynyň baýragyna mynasyp bolan filmleriň awtory.
XS
SM
MD
LG