Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan derňewlerden nähili netije çykarmaly?


Ýewropa Bileleşiginiň Orsýet-Gürjüstan harby konflikti barada ýaýradan soňky hasabatyna Gürjüstanyň oppozisiýasy nähili baha berýär? Şu barada Gürjüstanyň ozalky daşary işler ministri, oppozisiýa liderlerinden biri Salome Zurabişwili Azatlyk Radiosyna kommentariýa berdi.

Salome Zurabişwili

2008-nji ýylyň awgustynda Gürjüstanda ýüz beren uruş barada jenap Tagliawininiň ýolbaşçylygyndaky garaşsyz komissiýanyň çykaran netijeleri diňe bir bu raporty taýýarlamaga ýardam beren Ýewropa Bileleşigini däl, eýse ähli beýleki guramalary we toparlary-da çynlakaý oýlandyrmalydyr.

Bu hasabatda ýaragly konflikte kimiň jogapkärdigi baradaky esasy soraga örän giňişleýin jogap berilýär. Hususan-da, onda Orsýetiňem, Gürjüstanyňam liderleriniň dogry hereket etmändikleri öňe sürülýär.

Ýagny, bu raportda, ruslar-a ýaragly konfliktlerden gaça durman, gaýta ony öjükdirenlikde we soňam oňa çakdanaşa ýiti reaksiýa bildirenlikde aýyplanylýar. Gürjüstanyň lideri bolsa, weýrançylykly harby hüjümi amala aşyranlykda we şeýdibem, Gürjüstanyň özi üçin we müňlerçe parahat ýaşaýjylar üçin tragediýanyň döremegine sebäp bolanlykda aýyplanylýar.

Saakaşwiliniň jogapkärçiligi

Şeýlelikde, Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili Shinwala garşy harby agressiýany gurnanlygy, şeýdibem Orsýete Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň territoriýasyna arkaýyn girmäge, olary doly eýelemäge hem formal taýdan olary garaşsyz diýip yglan etmäge ýol açanlygy üçin halkyň öňünde şahsy jogapkär bolup durýar.

Jenap Tagliawininiň komissiýasynyň şeýle netijäni jemgyetçilige yglan etmezinden has ozal Gürjüstanyň ilatynyň aglaba köpçüligi eýýäm hut şeýle netijä gelipdi.

Şu ýylyň ýazynda ýüzlerçe müň gürjüstanlylar 100 güne golaý yzygiderli demonstrasiýa çykyp, Saakaşwilini wezipesinden çekilmeklige hem-de möhletinden öň prezidentlik saýlawlaryny geçirmeklige çagyranlarynda, olar hut şu netije bilen baglanyşykly hökümlerini yglan edipdiler. Özüniň ýalňyş garaýşy hem-de meýletin çykaran karary bilen öz ýurduna ýykgynçylyk getiren prezident özüniň bu hereketleri üçin jogap bermelidir we jogapkärçilik çekmelidir.

Näme üýtgedi?

Eýse, jenap Tagliawininiň ýolbaşçylygyndaky komissiýanyň bu baradaky faktlary ýüze çykarmagy bilen näme üýtgedi? Onuň faktlary ýüze çykarmagy bilen bu barada Gürjüstanyň halkynyň ozalbaşdan çykaran netijesi kanuny taýdan ykrar edildi hem-de ol halkara jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edildi. Indi Gürjüstanyň prezidentiniňem, Orsýetiň häkimiýetleriniňem bildirilýän aýyplamalary ýa jogapkärçilikleri ret etmäge ýagdaýlary ýok.

Demokratik oppozision partiýanyň lideri hökmünde, meniň pikirimçe, Gürjüstanyň we halkara jemgyýetçiliginiň öňündäki biziň borjumyz häzirki reallygy boýun almak we şu reallykdan hem öňe tarap hereket etmek.

Eger biz geljekde haçandyr bir wagt Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň ilaty bilen gatnaşyklarymyzy täzeçe ýola goýmak islesek, Saakaşwiliniň ornuna geljek islendik adam onuň bu hereketleriniň netijesini hökman göz öňünde tutmaly bolar. Biz Shinwalidäki bolan agressiýa üçin halkdan ötünç soramaly bolarys.

Oppozisiýanyň jogapkärçiligi

Eger biz oppozisiýa hökmünde Gürjüstanyň ykbaly üçin jogap bermeli bolsak, onda biz ol ýa-da beýleki bir derejede Saakaşwiliniň urşy öjükdiriji propogandasyna we hereketlerine täsirli garşy durup bilmändigimiz üçin hem jogapkärdiris.

Şu nukdaýnazardan, Gürjüstanyň hökümetiniň oppozisiýanyň pikirini «Orsýetiň bäşinji sahypasy» diýlen ýarlyk bilen atlandyrýandygyna garamazdan, oppozisiýanyň borjy bu uruş baradaky hakykaty gorkman, açyk aýtmakdyr.

Oppozisiýanyň islendik bir hereketine «Troýan aty» hökmünde ýa-da daşary ýurtlaryň bähbidini araýan hereket hökmünde baha bermeklik Saakaşwiliniň režiminiň ýüzi bolup durýar we geljekde-de ol şeýle bolar. Onuň oppozisiýa bildirýän şeýle aýyplamalary hem Saakaşwiliniň hökümetiniň ikiýüzli tebigatyndan habar berýär. Biz muňa has öň göz ýetirmelidik.

Salome Zurabişwili Gürjüstanyň ozalky daşary işler ministri we oppozisiýa lideri. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG