Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton ermeni-türk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak dabarasyna gatnaşar


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton şenbe güni Zýurihe, Ermenistan bilen Türkiýäniň gatnaşyklary kadalaşdyrmak şertnamasyna gol çekiş dabarasyna gatnaşmaga geler.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Klintonyň bu sapary öz rus, fransuz, Ýewropa Bileleşigi boýunça kärdeşleri bilen Eýrany maslahatlaşmakda hem ulanmagynyň mümkindigini aýdýar.

Ermenistan bilen Türkiýäniň tas bir asyra çeken duşmançylykdan soň diplomatik gatnaşyklary gurmak hem serhetleri açmak barada ylalaşyk baglaşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG