Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahatçylyk korpusy kynçylyk çekýär


Parahatçylyk korpusynyň meýletinçisi Wiwian Kolon Türkmenistanda Iňlis dili sapagynda.
Parahatçylyk korpusynyň meýletinçisi Wiwian Kolon Türkmenistanda Iňlis dili sapagynda.

Türkmen häkimiýetleri Parahatçylyk korpusynyň 47 sany meýletinçileriniň Türkmenistana barmaklaryna rugsat bermedi.

Amerikan hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we hökümetden garaşsyz iş alyp barýän Parahatçylyk korpusynyň Türkmenistan boýunça ýerine ýetiriji direktory Kristofer Liliň Azatlyk Radiosyna tassyklamagyna görä, waka 29-njy sentýabrda bolup geçipdir.

Guramanyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, ähli resminamalarynyň ýerbe-ýer bolandygyna garamazdan, meýletinçiler ABŞ-dan Türkmenistana gaýtmazlaryndan bir gün öň bu ýurda indiki ýyl çagyryljakdyklary barada ilçihanadan diplomatiki nota alypdyrlar.

“Näme sebäpli şeýle kararyň alnandygy barada maglumatymyz ýok. Emma muny anyklamak üçin ýerli häkimiýet wekilleri bilen gepleşik geçirmäge synanyşýarys” diýip Parahatçylyk korpusynyň Türkmenistandaky ýolbaşçysy Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmen häkimiýetleriniň bu hereketi, Bişkekdäki amerikan uniwersitetinde okaýan studentleriň Türkmenistandan çykmaklaryna gadaganlyk girizilen döwrüne gabat geldi.

Häzirlikçe, türkmen tarapy alnan kararlaryň sebäbi barada resmi beýanat ýaýratmady.

Ýakynda, ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton duşuşypdy we gepleşikleriň barşynda amerikan uniwersitetlerinde okaýan türkmen studentleriniň meselesi hem gozgalypdy.
XS
SM
MD
LG