Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Nobel baýragyna mynasyp boldy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama halkara diplomatiýany güýçlendirmek üçin edýän tagallalary üçin 2009-nji ýyl boýunça Parahatçylyk Nobel baýragyna mynasyp boldy.

Bu karar Norwegiýanyň Nobel baýragy boýunça komiteti tarapyndan yglan edildi.

Şunlukda, Obama hökümete ýolbaşçylyk edýän mahalynda bu baýraga mynasyp bolan Amerikanyň 3-nji prezidentidir.

Mundan ozal Birleşen Ştatlaryň öňki prezidentleri Roozwelt we Wilson hem geçen asyryň ahyrlarynda bu baýraga eýe bolupdylar.

Ady agzalýan komitetiň ýolbaşçysy Thorbjoern Jagland, Obamanyň ýadro ýaraglaryň ýaýradylmagynyň öňini almak üçin synanşýandygyny we onuň halkara syýasatda täze klimaty döredenligini belledi.
XS
SM
MD
LG