Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň premýer-ministri Putin Hytaýa barýar


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy boýunça geçiriljek sammite gatnaşmak hem-de hytaýly ýolbaşçylar bilen duşuşmak üçin şu gün Pekine barýar.

Onuň bu sapary üç gün dowam eder. Kremliň aýtmagyna görä, bu saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda ençeme ylalaşyklara şol sanda Orsýetde çalt hereket edýän otlynyň gurulmagy baradaky proýekte-de gol goýlar.

Putiniň bu sapary Orsýet bilen Hytaýyň arasynda diplomatik aragatnaşygyň ýola goýulmagynyň 60 ýyllygy hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek ýygnagyna gabat geldi.

Ady agzalýan gurama agza ýurtlaryň liderleri halkara ykdysady krizis bilen bagly görülmeli çäreler hakda pikir alyşarlar.

XS
SM
MD
LG