Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň premýer-ministri hytaýly kärdeşleri bilen duşuşar


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin, Hytaýa edýän saparynyň çäginde şu gün bu ýurduň premýer-ministri Wen Jiabao bilen duşuşar.

Putiniň bu saparynyň dowamynda, bu iki ýurduň arasynda energiýa, infrastruktura hem-de aragatnaşyk pudaklaryny öz içine alýan sektorlar boýunça 5 millard dollarlyk ylalaşyga gol goýlar.

Bu baradaky habarlarda Orsýetiň iri kompaniýalarynyň ençemesiniň 100 töweregi ýolbaşçysynyň hem Putin bilen bir hatarda Hytaýa sapar edýänligi aýdylýar.

Geçen ýyl bu iki ýurduň arasynda amala aşyrlan söwda aragatnaşygyň möçberiniň 55 milliard dollara barabar bolanlygy aýdylýar.

Hytaý Ýewropa Bileleşiginden soňra Orsýetiň ikinji uly söwda hyzmatdaşy bolup durýar.
XS
SM
MD
LG