Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikaly iki ykdysadyýetçi Nobel baýragyny gazandy


Şwesiýanyň ylymlar akademiýasyyň Nobel Komiteti amerikaly Elinor Ostrom bilen Oliwer Williamsony 2009-njy ýylyň ykdysadyýet boýunça Nobel Baýragy bilen sylaglady. Sebäp olaryň ykdysadyýeti dolandyrmagy guramalaşdyrmak barada iş alyp baranlygy.

Ostrom 1968-njy ýyldan soň, ýagny bu baýrak döredileli bäri oňa mynasyp bolan ilkinji aýal. Ol žurnalistlere bu habaryň özüni aňk-taňk edendigini aýtdy: “Meniň ilkinji reaksiýam geňirgenmek we minnetdarlyk boldy. Bu ugurda bar güýji bilen göreşen köp adamlar bar. Bu baýrak üçin saýlanmak uly abraý. Şindi-de geňirgenmekden doly açylyp bilemok”.

Bu iki alymyň eden ylmy barlaglary

Nobel Komitetiniň aýtmagyna görä, bu iki alymyň eden ylmy barlaglary adamzadyň jemgyýetçilik guramalarynyň köp formalaryna düşünmäge ykdysady analiziň goltgy bolýandygny görkezýär.

“Elinor Ostrom bilen Oliwer Williamsonyň alyp baran barlaglary ykdysady analiziň bazara degişli däl guramalaryň işleýşini aýyl-saýyl edýändigini görkezýär” diýip, Komitetiň başlygy Bertil Holmlund belledi.

Ostrom jemgyýetçilik eýeçiligindäki ýa umumyhalk kontrollygyndaky baýlyklaryň dolandyrylyşyny gaty oňat analizläpdir. Onuň işi “Jemgyýetçiligiň baýlyklary ýaramaz dolandyrylýar, olar hususylaşdyrylmaly” diýýän jedelli garaýşa görkezilýän garşylyk bolup durýar.

Williamson hem ilkinji nobatda söwda kampaniýalaryndaky dolandyryş çäklerini analizläpdir. Ol: “Kompaniýalar ýaly iýerarhik guramalaryň altenatiw dolandyryş strukturalary bar” diýýär.

Komitet “bu aşa ähmiýetli goşantlaryň” geçen 30 ýyllykda ykdysadyýeti dolandyryş meselelerine ylmy ünsi çekendigini aýdýar. Mysal üçin, häzirki ykdysady krizisiň özenini emele getirýän dolandyryş meseleleri.

Aňsat düşmedik bolsa gerek

Häzirki ykdysady krizisi nazara alanyňda, baýrak üçin birini saýlap tutmak Nobel Komitetine aňsat düşmedik bolsa gerek. Sebäbi abanyp gelýän krizisi öňünden görmegi başarmandyklary ykdysadyýetçileriň aglabasyny ynamdan geçyrdy.

Aslynda ykdysadyýet baýragy Nobel baýragynyň iň jedellisi bolup durýar. Sebäbi bu baýrak bilen sylaglananlar köplenç ýeke ykdysadyýet bilen galman, jemgyýetçilik-syýasy meselelere-de goşulýarlar. Mysal üçin 2008-nji ýylda bu baýragy alan Princeton uniwersitetiniň professory hem-de “New York Times” gazetiniň tanymal synçysy Paul Krugmani konserwatiwleri aşa köp tankytlanlygy üçin bir tankytçy Nobel baýragyny abraýdan düşüren adam diýip atlandyrdy.

Bu baýraga 1976-njy ýylda mynasyp bolan Milton Friedman-da Çilide leksiýa okap, harby ýolbaşçy General Augusto Pinoçet bilen duşuşanlygy üçin ýiti tankyda uçrapdy.
XS
SM
MD
LG